ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň wekili bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Adam söwdasyna gözegçilik etmek we garşy göreşmek boýunça müdirliginiň aýratyn tabşyryklar boýunça Ilçisi Sindi Daýeriň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar halkara konwensiýalarynyň durmuşa geçirilmegi we ynsanperwer ugurda ählumumy kabul edilen kadalar bilen baglanyşykly birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Şunuň bilen baglanyşykly söhbetdeşler ABŞ bilen ulgamlaýyn hyzmatdaşlygy bellediler we geljegi uly ugurlar barada pikir alyşdylar.