Türkmenistan we Türkiýe parlamentara gatnaşyklaryny işjeňleşdirýärler
2025-nji ýylyň 24-25-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkiýe Respublikasynda iş sapary bilen boldy.
24-nji fewralda D.Gulmanowa bilen Türk-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Haluk Ipegiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy we parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
25-nji fewralda Türkiýäniň Parlamentiniň binasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy bilen Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Numan Kurtulmuşyň arasynda dar düzümdäki duşuşyk geçirildi.
D.Gulmanowa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Söhbetdeşligiň barşynda ikitaraplaýyn parlamentara dialogynyň okgunly ösüşi bellenildi.
Soňra Türkmenistanyň parlament wekiliýeti türkmen-türk parlamentara geňeşmeleriniň işine gatnaşdy.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibi boýunça giňişleýin pikir alyşmalaryň dowamynda taraplar şu gezekki duşuşygyň parlamentara gatnaşyklaryny giňeltmek we ösdürmek üçin netijeli meýdança bolup hyzmat etjekdigini nygtadylar.