Türkmen wekiliýeti Hujand şäherinde geçirilen II Halkara syýahatçylyk forumyna gatnaşdy
2025-nji ýylyň 16–19-njy aprelinde Täjigistan Respublikasynyň Sugd welaýatynyň Hujand şäherinde «Sugd — Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygy» atly II Halkara syýahatçylyk forumy geçirildi.
Forum dürli döwletlerden, şol sanda Russiýa Federasiýasyndan, Özbegistan Respublikasyndan, Gyrgyz Respublikasyndan, Gazagystan Respublikasyndan, Hytaýdan, Gresiýadan we Saud Arabystany Patyşalygyndan gelen döwlet edaralarynyň wekillerini, syýahatçylyk guramalarynyň we işewür toparlarynyň wekillerini ýygnady.
Türkmen tarapyndan bu foruma Balkan we Ahal welaýatlarynyň häkimlikleriniň hem-de Türkmenistanyň Täjigistandaky ilçihanasynyň wekillerinden düzülen wekiliýet gatnaşdy.
Türkmen wekiliýetiniň bu foruma gatnaşmagy, ýurdumyzy dünýä syýahatçylyk hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gyzyklanmasynyň, aýratyn-da Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy-medeni mirasyny bilelikde öwrenmek we ösdürmek ugrundaky tagallalarynyň aýdyň beýanydyr. Çünki Beýik Ýüpek ýolkunyň möhüm bölegi biziň ýurdumyzyň çäginden hem geçýär.