Duşenbe şäherinde geçen halkara çärede Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň hem-de “2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly”-nyň ähmiýeti beýan edildi.

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

2025-nji ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasy Duşenbe şäherinde Täjigistanyň Milli muzeýiniň binasynda geçirilen «Muzeýde agşam» atly halkara çäresine gatnaşdy.
Halkara muzeýler gününe bagyşlanan köpugurly medeni çäräniň açylyş dabarasyna Duşenbe şäherinde işleýän diplomatik we konsullyk edaralaryň hem-de halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Täjigistanyň daşary işler, medeniýet, bilim we ylym hem-de beýleki ministrlikleriniň ýolbaşçylary, ylmy intelligensiýanyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, şeýle-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.   
Milli öwüşgünde bezelen türkmen sergisinde Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatyna bagyşlanan kitaplara we neşirlere, elde dokalan türkmen halylaryna, amaly-haşam sungat eserlerine, şeýle-de türkmen halkynyň gaýtalanmajak özboluşlylygyny, onuň köpasyrlyk medeniýetini hem-de däp-dessurlaryny giňişleýin şöhlelendirýän suratlara aýratyn ähmiýet berildi.
Dabaranyň çäklerinde myhmanlara Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyna, halkara başlangyçlaryna hem-de “2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly”-nyň ähmiýetine bagyşlanyp giňişleýin maglumatlar berildi.
Myhmanlarda aýratyn gyzyklanma döreden eserleriň arasynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Türkmenistanyň Prezidentiniň döredijiligi aýratyn bellärliklidir.
Mundan başga-da, sergide Türkmenistanyň Konstitusiýa we Döwlet Baýdagy gününe bagyşlanan ýörite bölüm taýýarlanyldy.