Türkmenistanyň DIM-de HHR-iň Kompartiýasynyň MK-niň Wagyz işleri boýunça bölüminiň başlygynyň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi

img
img
img
img

2025-nji ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Wagyz işleri boýunça bölüminiň başlygynyň orunbasary Hu Hepiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ählitaraplaýyn strategiki häsiýete eýe bolan we netijeli ösdürilýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumyna garadylar. Şunda, iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde iň ýokary derejedäki gatnaşyklaryň kesgitleýji orna eýedigi aýratyn bellenildi.

Taraplar parlamentara we partiýalar arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak, sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar we «Merkezi Aziýa – Hytaý» görnüşindäki dialogyň ähmiýetini nygtadylar.

Türkmenistan bilen Hytaýyň halkara we sebit düzümleriniň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlygy bellenildi.

Söhbetdeşler söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakdaky möhüm ornuny bellediler. Medeni-ynsanperwer ugurdaky, hususan-da bilim, ylym, medeniýet, KHBS we ýaşlaryň başlangyçlary ulgamlaryndaky özara gatnaşyklaryň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.