DIM-de Türkmenistanyň halkara ynsanperwerlik işine bagyşlanan brifing geçirildi
2025-nji ýylyň 29-njy iýunynda Türkmenistanyň DIM-de ýurdumyzyň alyp barýan halkara ynsanperwerlik işine bagyşlanan brifing geçirildi.
Brifinge Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we işgärleri, Aşgabatda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem ýerli KHBS-iň wekilleri gatnaşdylar.
Çärede Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ruhuna laýyklykda açyklyk, özara goldamak we ynanyşmak ýörelgelerinde durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň ynsanperwerlik işlerine syn berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow öz çykyşynda daşary ýurtlar we halkara guramalary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň ynsanperwerlik işleriniň esasy ugurlaryna ünsi çekdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda Prezident Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryndan biri hökmünde halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginiň çykyş edýändigi aýratyn bellenildi.
Brifingiň dowamynda halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna we Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna laýyklykda Türkmenistanyň ynsanperwerligiň we raýdaşlygyň ýokary ideallaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilen ähli zerur çäreleri görýändigi aýratyn nygtaldy. Munuň özi türkmen halkynyň gadymy däp-dessurlaryna, dostluk, doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýar.
Brifingde ýurdumyzyňň 54 sany halkara guramalara we ynsanperwer häsiýetli maksatnamalara, şol sanda halkara-ynsanperwer hukugy boýunça köptaraplaýyn resminamalara gatnaşyjy ýurt bolup durýandygy aýdyldy. Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistanyň çylşyrymly ýagdaýlary kadalaşdyrmak işlerine işjeň gatnaşmaga taýýardygy bellendi.
Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy brifinge gatnaşyjylara Türkmenistanyň Ýakyn Gündogar sebitindäki dörän soňky ýagdaýlar bilen baglanyşykly birnäçe ynsanperwer häsiýetli meseleleri çözmek boýunça alyp barýan işleri barada habar berdi.
Türkmenistan tarapyndan döredilen ynsanperwer geçelgeden 52 ýurduň raýatlary bolan 4678 adamyň öz döwletlerine dolanyp barmak üçin peýdalanandygy bellenildi.
Şeýle-de brifingde Özbegistan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Malaýziýanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Hindistan Respublikasynyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Ilçileri we wekilleri çykyş etdi.
Mundan başga-da, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utdaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi Beata Peksanyň, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadzäniň çykyşlary hem diňlenildi.
Çykyşlaryň hemmesinde Türkmenistanyň Prezidentiniň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň adyna Ýakyn Gündogardaky ýagdaýyň dartgynlaşmagy bilen daşary ýurtlularyň serhetdeş döwletden çykarylmagyna berlen ýardamlar üçin minnetdarlyk bildirildi.
Türkmenistanyň ynsanpewer meselelere bolan nusgalyk çemeleşmesine ýokary baha berildi. Çärä gatnaşanlar sebitde we onuň çäklerinden daşarda durnuklylygy has-da berkitmek üçin şeýle netijeli özara gatnaşyklary dowam etdirmegiň zerurdygyny aýtdylar.
Brifingde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň adyna doglan güni mynasybetli gutlaglaryny beýan edip, berk jan saglyk, abadançylyk we jogapkärçilikli işinde üstünlikleri arzuw etdiler.
Daşary işler ministri duşuşygyň netijelerini jemlemek bilen, birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak we goldaw bermek ýörelgelerine esaslanýan ynsanperwer hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge türkmen tarapynyň gyzyklanmasyny beýan etdi.