Türkmenistanyň zenanlardan ybarat wekiliýeti HHR-da iş saparda boldy

Ýakynda Türkmenistanyň zenanlardan ybarat wekiliýeti Hytaý Halk Respublikasynda saparda boldy. Iş saparyň dowamynda birnäçe wajyp duşuşyklar geçirildi.
Medeni diplomatiýa uzak möhletleýin durnuklylyga, abadançylyga gönükdirilen strategik maýa goýum bolup durýar. Medeniýet, sungat, ylym-bilim, sport ýaly wajyp ugurlarynda gatnaşyklary ýola goýmak iki halkyň medeni mirasy we ruhy gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşmaga ýardam edýär. Bu ugurlarda gatnaşyklary işjeň ösdürmek bilen, Türkmenistan we HHR iki halky ýakynlaşdyrýan, şol sanda diplomatik derejedäki pugta dostluk köprülerini hem gurýarlar.
Saparyň birinji gününde türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Hytaý Halk Respublikasynyň Bilim ministri Huaý Szinpen bilen duşuşdy.
HHR-yň Bilm ministri haýyr-sahawat gaznasynyň diňe bir howandarlyga mätäç çagalara hemaýat etmek bilen çäklenmän, olaryň ýokary hilli, inklýuziw bilim almagyna hem uly ähmiýet berýändigine ýokary baha berdi. Şunuň bilen baglylykda, Oguljahan Atabaýewa mümkinçiligi çäkli çagalara ýörite we inklýuziw bilim bermegi kämilleşdirmekde Hytaýyň tejribesini öwrenmäge gyzyklanmasyny beýan etdi.
Türkmen wekiliýetiniň Hytaýa saparynyň çäklerinde Oguljahan Atabaýewa Hytaý Halk Respublikasynyň Saglygy goraýyş işleri boýunça döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Zeng Ýisin bilen hem duşuşdy. Ynsanperwer ulgamda däp bolan türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagynyň maksat edinilýändigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Oguljahan Atabaýewa ýurdumyzyň Hytaýyň saglygy goraýyş ulgamyndaky tejribesine gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.
Zeng Ýisin HHR-iň toplan baý tejribesini we tehnologiýalaryny paýlaşmaga taýýardygyny aýdyp, muňa ählumumy saglygy goraýyş ulgamynyň ösdürilmegine möhüm goşant hökmünde garalýandygyny belledi.
Söhbetdeşligiň dowamynda lukmançylyk işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak ulgamynda HHR bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine seretmäge gyzyklanma bildirildi. Şunuň bilen bir hatarda, Oguljahan Atabaýewa çagalarda onkologik we genetik keselleri bejermek boýunça hytaý tarapynyň tejribesini öwrenmäge taýýardygyny beýan etdi.
Şeýle-de, ýurdumyzyň wekiliýetiniň HHR-e saparynyň çäklerinde Oguljahan Atabaýewa bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Sun Sinlin adyndaky gaznasynyň başlygy hanym Li Biniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Hanym Li Bin hytaý we türkmen halklarynyň gadym döwürlerden bäri dostlukly gatnaşyklary saklap gelýändikleri barada belledi. Duşuşygyň barşynda bellenip geçilişi ýaly, iki gaznanyň hyzmatdaşlygy arkaly türkmen-hytaý ynsanperwer gatnaşyklaryny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin mümkinçilikler bar.
Oguljahan Atabaýewa gaznanyň tejribe alyşmaga gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, türkmen tarapynyň durmuş ugurly taslamalara seretmäge taýýardygyny tassyklady.
Duşuşygyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen Hytaýyň Sun Sinlin adyndaky gaznasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Mundan başga-da, türkmen wekiliýetiniň HHR-a saparynyň çäklerinde Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary, ŞHG-niň Hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk boýunça komitetiniň başlygy hanym Şen Ýueýue bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmak, ýurtlaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary giňeltmek meselelerinde iki döwletiň hem çemeleşmeleri gabat gelýär. Munuň esasynda bolsa iki halkyň arasynda gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan dostlukly gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmeginiň özara maksat edinilmegi durýar.
Şeýle-de saparyň çäklerinde Şanhaý şäheriniň häkimi Gun Çžen bilen duşuşyk geçirildi. Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Hytaýyň lukmançylyk, tehnologiýalar ulgamlarynda öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýändigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Hytaýyň saglygy goraýyş ulgamynda, hususan-da, çaganyň saglygyny goramak, sagaldyş-dikeldiş ugurlarynda toplan tejribesine gyzyklanma bildirildi.
Öz gezeginde, Şanhaý şäheriniň häkimi Gun Çžen bu ugurdaky dialogyň çagalaryň bähbidine mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini nygtady.
Şeýle hem saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Pekiniň merkezinde ýerleşýän «Gugun» taryhy köşkler toplumyna baryp gördi. Mundan başga-da türkmen wekiliýetiniň agzalary Hytaýyň Sun Sinlin adyndaky ylmy-tehniki we medeni gatnaşyklar boýunça ýaşlar merkezine baryp gördüler.