Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary tamamlandy
2025-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň çäklerinde HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Ikinji jahan urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygynyň hormatyna Pekinde geçirilen dabaraly çärelere gatnaşdy.
Pekiniň Týananmen meýdançasynda wekiliýet ýolbaşçylarynyň bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra, bu ýerde dabaraly harby ýöriş geçirildi. Bu dabaraly ýöriş Hytaýyň parahatçylyga, milli gahrymanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralamaga ygrarlydygynyň beýany boldy.
Türkmenistanyň döwlet Baştutany Hytaýa şu gezekki saparynyň dowamynda giň gerimli çärä — «ŞHG+» formatyndaky ýokary derejeli duşuşyga gatnaşdy. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň bu sapary Türkmenistanyň köpugurly daşary syýasatynyň pugtalanýandygyny we onuň sebitiň döwletleri bilen dialogy giňeltmegi maksat edinýändigini tassyklaýan möhüm waka öwrüldi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy bilen geçiren ýokary derejeli gepleşikleri saparyň esasy wakasy boldy. Iki ýurduň Baştutanlary strategik ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berip, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Saparyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy. Söhbetdeşligiň dowamynda söwda-ykdysady, ulag-logistika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar medeni-ynsanperwer, ýokary tehnologiýalar ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurdygyny nygtadylar.
Birnäçe möhüm ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilmegi saparyň esasy netijeleriniň biri boldy. Bu resminamalar dürli ugurlary öz içine alyp, strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin berk hukuk binýadyny döredýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow HHR-e iş saparynyň maksatnamasyny tamamlap, Pekiniň Halkara howa menziline bardy we bu ýerden Watanyna ugrady. Türkmenistanyň döwlet Baştutanyny dostlukly ýurduň resmi adamlary ugratdylar.
Birnäçe sagatdan soňra, Türkmenistanyň Prezidentiniň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde Döwlet Baştutanyny ýurduň resmi adamlary mähirli garşyladylar hem-de dostlukly ýurda saparynyň üstünlikli geçmegi bilen tüýs ýürekden gutladylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň bu sapary Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň ýörelgelerine laýyklykda, netijeli dialoga hem-de ählumumy meseleleriň çözgütlerini işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşmaga taýýardygyny görkezdi.