BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäklerinde BMG-niň Baş sekretarynyň Syýasy we parahatçylyk döredijilik meseleleri boýunça orunbasary bilen duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Baş sekretarynyň Syýasy we parahatçylyk döredijilik meseleleri boýunça orunbasary hanym Rozmari Dikarlonyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň BMG-iň ulgamy bilen alyp barýan hyzmatdaşlygynyň dünýäde parahatçylygy üpjün etmek we halkara howpsuzlygyny berkitmek ýaly esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Öňüni alyş diplomatiýasyny ösdürmäge, şol sanda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň alyp barýan işine hem-de sebitleýin hyzmatdaşlyk mehanizmlerini berkitmek bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berildi.
Türkmenistanyň döwletleriň arasyndaky özara ynanyşmagy pugtalandyrmak we halkara derejede netijeli konstruktiw dialogy ösdürmek ugrunda öňe sürýän başlangyçlary, şol sanda 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan edilmegi aýratyn bellenip geçildi.
Şu başlangyçlaryň çäklerinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisiniň gün tertibine «Bitaraplyk — parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine» atly bent girizildi. Şonuň bilen baglylykda «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş prosesini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we wajyplygy» hem-de «Halkara araçylyk güni» atly Kararnamalaryň taslamalaryna garamak göz öňünde tutuldy.
Şeýle-de taraplar häzirki döwrüň sebit we dünýä derejesindäki möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.