Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy

photo

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy.

Duşuşygyň öňüsyrasynda döwlet Baştutany BMG-niň Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň baýdaklarynyň öňünde ýadygärlik surata düşdi.

Döwlet Baştutany Baş sekretary BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlap, Baş Assambleýanyň işiniň mundan beýläk-de ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmaga, Durnukly ösüş maksatlaryny ilerletmäge uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy Antoniu Guterrişi we guramanyň ýöriteleşdirilen düzümleriniň ähli işgärlerini tüýs ýürekden gutlady hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň BMG-niň Baş sekretaryna iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Antoniu Guterriş Gahryman Arkadagymyza salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan edip, şu gezekki duşuşyga Türkmenistanyň BMG bilen möhüm meseleler boýunça hyzmatdaşlygynyň özboluşly dowamy hökmünde garaýandygyny aýtdy.

Antoniu Guterriş «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda üstünlikli geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin Türkmenistana hoşallyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Awaza syýasy Jarnamasynyň we Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň netijeli durmuşa geçirilmegini gazanmagy maksat edinýändigini aýtdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigini aýdyp, Antoniu Guterrişi şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy.

BMG-niň Baş sekretary çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Bitarap Türkmenistanyň Merkezi Aziýada hem-de dünýä giňişliginde parahatçylyk taglymlaryny ilerletmekde möhüm ornuny belledi.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.