Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýt Döwletiniň Mirasdüşer Şazadasy bilen duşuşdy

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Kuweýt Döwletiniň Mirasdüşer Şazadasy Şeýh Sabah Al-Halid Al-Sabah bilen duşuşdy.
Söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we olary ösdürmegiň geljekki ugurlary barada pikir alyşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirip, şu duşuşygyň netijeleriniň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.
Kuweýtiň Mirasdüşer Şazadasy pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidentini Awazada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny ýetirmegi haýyş etdi.
Türkmenistanyň döwlet Baştutany hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Kuweýt bilen deňhukukly gatnaşyklary we özara hormat goýmaga esaslanýan hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini nygtady hem-de Gahryman Arkadagymyzyň Mirasdüşer Şazada Şeýh Sabah Al-Halid Al-Sabaha mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen Kuweýt Döwletiniň arasyndaky gatnaşyklar ikitaraplaýyn derejede, şeýle-de Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki halkara guramalaryň çäklerinde netijeli ösdürilýär.
Söhbetdeşler ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezdiler. Iki ýurduň arasynda eksport-import mümkinçiliklerini artdyrmak, özara haryt dolanyşygyny ösdürmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.
Prezident Serdar Berdimuhamedow medeni-ynsanperwer, ylym-bilim, sport we syýahatçylyk ýaly ugurlarda-da özara hyzmatdaşlyk etmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.
Duşuşygyň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigini, bu wakanyň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen gabat gelýändigini belledi we Şeýh Sabah Al-Halid Al-Sabahy şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy.
Kuweýt Döwletiniň Mirasdüşer Şazadasy çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň möhüm ähmiýetini belledi.
Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Kuweýt Döwletiniň Mirasdüşer Şazadasy Şeýh Sabah Al-Halid Al-Sabah döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.