img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
TÄJIGISTAN RESPUBLIKASY - DUŞENBE
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

«Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» işewürlik maslahaty hyzmatdaşlygyň täze gözýetimlerini açýar

img
img
img
img
img
img

2026-njy ýylyň 26-njy martynda “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda köpugurly dialogy giňeltmegiň çäklerinde “Özara baglanyşygy ösdürmek, maýa goýumlary çekmek we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça täze gözýetimler” atly işewürlik maslahaty geçirildi.

Ugurdaş ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryny, diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň, işewür toparlaryň wekillerini bir ýere jemlän bu duşuşyk Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda “Açyk gapylar”, giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny durmuşa geçirýän ýurdumyzyň ýokary halkara abraýynyň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy.

Degişli edaralaryň wekilleri, Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary öz çykyşlarynda hyzmatdaşlygyň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze gurallaryny döretmegiň möhümdigine ünsi çekdiler. Hususan-da, ählumumy söwda giňişligine goşulyşmagyň, milli ykdysadyýetleri halkara standartlara uýgunlaşdyrmagyň ähmiýeti bellenildi.

Forumyň birinji mejlisi söwdany we maýa goýumlary ösdürmek üçin işewürlik gurşawyny kämilleşdirmek meselesine bagyşlandy. Mejlise gatnaşyjylar söwda-ykdysady gatnaşyklary kämilleşdirmegiň, telekeçiligiň hukuk binýadyny pugtalandyrmagyň, ýurdumyzyň hususy pudagynyň eksport mümkinçiliklerini giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmagy bilen baglanyşykly mesele çykyşlarda aýratyn üns merkezinde boldy. Nygtalyşy ýaly, munuň özi daşary ýurt maýa goýumlaryny we ýokary tehnologiýalary çekmek üçin täze mümkinçilikleri açyp, senagat pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, bäsdeşlige ukyply önümleriň önümçiligini artdyrmaga ýardam berer.

Halkara guramalaryň bilermenleriniň çykyşlary-da täsirli boldy. Olar Merkezi Aziýa sebitiniň ösüşiniň ykdysady seljermesini beýan etdiler. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan durnukly ykdysady ösüş depginini görkezip, halkara giňişlikde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde eýeleýän ornuny pugtalandyrýar.

Forumyň ikinji mejlisinde ulag-logistika baglanyşygyny berkitmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Çykyş edenler Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerleşmeginiň Gündogar — Günbatar hem-de Demirgazyk — Günorta yklymüsti ulag geçelgeleriniň möhüm çatrygy hökmünde çykyş etmäge ýardam berýändigini nygtadylar.

Gümrük gulluklarynyň, ulag assosiasiýalarynyň wekilleri gümrük amallaryny awtomatlaşdyrmak, söwda amallaryny ýeňilleşdirmek, logistika sanly çözgütleri ornaşdyrmak meselelerine ünsi çekdiler. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ulag infrastrukturasyny Ýewropanyň ählumumy ulag geçelgeleri ulgamy bilen utgaşdyrmagyň möhümdigi tassyklanyldy.

Ýewropanyň maliýe institutlarynyň, ösüş banklarynyň ýolbaşçylarynyň çykyşlarynda Türkmenistanda taslama işini giňeltmäge, hususan-da, infrastruktura başlangyçlaryny goldamaga, hususy işewürlige Ýewropa bazarlaryna çykmaga ýardam bermäge taýýarlyk beýan edildi.

Üçünji mejlis “ýaşyl” ykdysadyýete geçmek, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, metan zyňyndylaryny azaltmak babatda hyzmatdaşlyk etmegiň meselelerine bagyşlandy. Foruma gatnaşyjylar Türkmenistanyň önümçilige öňdebaryjy serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen, ählumumy ekologiýa meselelerini çözmekde işjeň orun eýeleýändigini bellediler.

Energetika pudagynyň ýolbaşçylary, dünýäniň iri energetika kompaniýalarynyň wekilleri gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Senagat pudagynyň daşky gurşawa täsirini peseltmek üçin Ýewropa Bileleşiginiň innowasion işläp taýýarlamalaryny çekmek meselesine üns çekildi.

Forumyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny giňeltmäge, maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Bu ylalaşyklar hyzmatdaşlygy anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga kuwwatly itergi berer.

Işewürlik forumy tamamlanandan soňra, metbugat maslahaty geçirilip, onuň dowamynda duşuşygyň netijeleri jemlenildi. Maslahaty guraýjylar we oňa gatnaşyjylar gazanylan ylalaşyklaryň iki sebitiň abadançylygyna hyzmat edip, durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça umumy tagallalara goşant boljakdygyna ynam bildirdiler.

Şeýle hem maksatnamanyň çäklerinde ýurdumyzyň döwlet edaralarynyň, hususy pudagynyň wekilleri ýewropaly hyzmatdaşlar bilen duşuşyklary geçirdiler. Olaryň dowamynda geljekki taslamalar we ylalaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy.