img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
TÄJIGISTAN RESPUBLIKASY - DUŞENBE
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň we Tunis Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler

photo

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Tunis Respublikasynyň Daşary işler, migrasiýa we daşary ýurtlarda ýaşaýan tunislileriň işleri boýunça ministri Mohamed Ali Naftiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Netijeli häsiýetde geçen söhbetdeşligiň dowamynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gün tertibiniň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de syýasy-diplomatik dialogy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmäge özara gyzyklanmalaryny tassykladylar.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda ministrler türkmen-tunis köpugurly hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmäge özara ygrarlydyklaryny tassykladylar.