img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
TÄJIGISTAN RESPUBLIKASY - DUŞENBE
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Turkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşyk geçirdi

photo

2026-njy ýylyň 22-nji maýynda  Turkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri Abdulla Aripowy kabul etdi.

Abdulla Aripowy bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Özbegistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň gazanýan uly üstünliklerine tüýs ýürekden guwanylýandygyny belledi.

Özbegistanyň Premýer-ministri Prezident Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistanyň Baştutanyna, Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Döwlet Baştutanymyz Özbegistan Respublikasynyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Abdulla Aripowa Türkmenistana gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de onuň şu gezekki mejlisiň işine gatnaşmagynyň Özbegistan Respublikasynyň GDA-nyň çäklerindäki köptaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge ygrarlydygyny subut edýändigini nygtady.

Turkmenistanyň Prezidenti bu mejlisiň jemleri boýunça kabul edilen çözgütleriň Arkalaşyga agza döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, myhmanyň şu saparynyň bolsa iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da ösdürmäge ýardam etjekdigine berk ynam bildirdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklar uzak möhletleýin, strategik häsiýete eýedir.

Ýurtlarymyz diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara we sebit düzümleriniň, GDA-nyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler.

Döwlet Baştutanymyz iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklar barada aýdyp, bu ulgamda baý tejribäniň toplanandygyny aýratyn nygtady. Ulag we logistika ulgamy türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda bellenildi.

Ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmagyň wajypdygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler ýakynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen geçirilen halkara atly sport we gözellik bäsleşikleriniň ahalteke atlarynyň dünýädäki abraýyny artdyrmakda ähmiýetini bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri Abdulla Aripow köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege we iki ýurduň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.