img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
TÄJIGISTAN RESPUBLIKASY - DUŞENBE
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Aşgabatda Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň arasynda konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeleri geçirildi

img
img
img
img
img
img

2026-njy ýylyň 4-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň daşary syýasy edaralarynyň arasynda nobatdaky konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeleri geçirildi.

Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň DIM-niň Konsullyk gullugy departamentiniň başlygy, Gazagystanyň wekiliýetine bolsa Gazagystan Respublikasynyň DIM-niň Konsullyk gullugy departamentiniň direktory ýolbaşçylyk etdi.

Geňeşmeleriň dowamynda taraplar konsullyk ulgamy boýunça iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, raýatlaryň hukuklaryny goramak, konsullyk ugry boýunça hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek we halkara hukugynyň belli bir ugurlary babatynda aragatnaşygy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar şeýle hem degişli edaralaryň arasynda şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek we amaly gatnaşyklary giňeltmek boýunça pikir alyşdylar.

Maslahatlaryň netijeleri boýunça degişli Beýannama gol çekildi we taraplar konsullyk ulgamyndaky türkmen-gazagystan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.