img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
TÄJIGISTAN RESPUBLIKASY - DUŞENBE
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi

photo

2026-njy ýylyň 20-nji maýynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana sapar bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Jamşid Hojaýewi kabul etdi.

Jamşid Hojaýew bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Özbegistanda Türkmenistanyň ähli ugurlar boýunça gazanýan üstünliklerine ýokary baha berilýändigini, ýurdumyzyň halkara giňişlikde uly abraýa eýedigini belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Prezident Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Döwlet Baştutanymyz Özbegistan Respublikasynyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Özbegistanyň Premýer-ministriniň orunbasaryna hem-de özbek wekiliýetine Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň nobatdaky, 19-njy mejlisiniň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurtlarymyzyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň durnukly ösdürilýändigini aýtdy hem-de şunuň bilen baglylykda, energetika, ulag, oba hojalygy we söwda ulgamlaryny, şeýle hem iri infrastruktura we maýa goýum taslamalarynyň bilelikde durmuşa geçirilmegini geljegi uly ugurlaryň hatarynda belledi.

Nygtalyşy ýaly, şunda özara gatnaşyklaryň ähli ugurlary boýunça taraplaryň tagallalaryny utgaşdyrmakda hem-de öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin degişli çäreleri işläp taýýarlamakda hökümetara topara aýratyn orun degişlidir. Şunuň bilen bir hatarda, geçen ýylyň noýabr aýynda Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň açylmagynyň özara söwda dolanyşygyny mundan beýläk-de artdyrmaga goşmaça itergi berendigi bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigini hem belläp, iki ýurtda medeni çäreleri guramagyň, döredijilik işgärleriniň arasynda yzygiderli duşuşyklary geçirmegiň bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Jamşid Hojaýew Türkmenistanyň we Özbegistanyň özara bähbitli strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagy hem-de giňeltmegi maksat edinýändiklerini tassyklap, birek-birege we iki ýurduň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.