img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
TÄJIGISTAN RESPUBLIKASY - DUŞENBE
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 77-nji mejlisine gatnaşdy

img
img
img
img

2026-njy ýylyň 12–16-njy oktýabry aralygynda Ženewa şäherinde (Şweýsariýa Konfederasiýasy) BMG-niň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary Komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 77-nji mejlisi geçirildi. Bu halkara forumyna Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti gatnaşdy.

Onuň çäklerinde şu ýylyň 12-nji oktýabrynda geçirilen umumy çykyşlaryň dowamynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy öz çykyşynda ynsanperwer meseleleriň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrunyň bolup durýandygyny aýratyn belläp geçdi. Şunuň bilen baglylykda, Raýatsyzlygy aradan aýyrmak baradaky Türkmenistanyň Milli hereketleriň meýilnamasy durmuşa geçirmek boýunça gazanylan üstünlikler hem-de Hormatly Prezidentimiziň 2028-nji ýyly «Halkara hukugy ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjy foruma gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirildi.

15-nji oktýabrda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysynyň BMG-niň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary komissary jenap Barham Saleh bilen duşuşygy geçirildi. Konstruktiw pikir alyşmalaryň dowamynda taraplar köp ýyllyk hyzmatdaşlygyň strategik häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen bellediler. Ýokary komissar Türkmenistanyň raýatsyzlygy aradan aýyrmak we goraga mätäç şahslara raýatlyk bermek boýunça Merkezi Aziýadaky ykrar edilen öňdebaryjy tejribesine ýokary baha berdi.