SOŇKY HABARLAR
Türkmenistan we Botswana Respublikasy diplomatik gatnaşyklary ýola goýdular
2025-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Nýu-Ýork şäherinde, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň binasynda Türkmenistan bilen Botswana Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakyndaky Bilelikdäki Beýanatyň gol çekişlik dabarasy geçirildi. Dabaranyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa bilen Botswana Respublikasynyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Çarlz Masoleniň arasynda gepleşikler geçi...
Türkmenistan we Gruziýa özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açýarlar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow resmi sapar bilen Gruziýa bardy. Saparyň çäklerinde, 2025-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda onuň Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Kobahidze bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň we Gruziýanyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem köptaraplaýyn formatdaky, ilkinji...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Gruziýanyň Prezidenti bilen duşuşygy geçirildi
2025-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gruziýa resmi saparynyň çäklerinde Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwili bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Gruziýanyň Baştutanyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýollan mähirli salamlary we iň gowy arzuwlary ýetirildi. Gepleşikleriň do...
Türkmenistan we Gruziýa parlamentara dialogy pugtalandyrmagy maksat edinýär
2025-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Gruziýanyň Parlamentinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Şalwa Papuaşwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň berkidilmeginiň möhüm şerti bolup hyzmat edýän we ähli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolan parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerini ara alyp masla...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasyndaky gepleşikler
2025-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gruziýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Maka Boçorişwiliniň arasynda gepleşikler geçirildi. Taraplar syýasy, ykdysady we ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumy boýunça pikir alyşdylar. BMG-niň hem-de beýleki halkara guramalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Duşuşygyň dowam...
Посольство Туркменистана приняло участие в ежегодной книжной выставке в Душанбе
Посольство Туркменистана в Республике Таджикистан приняло участие в ежегодной книжной выставке, состоявшейся в городе Душанбе. В экспозиции павильона были представлены книги, отражающие богатое духовное и культурное наследие Туркменистана, его современное развитие и достижения в различных сферах. Особое внимание посетителей привлекли издания, написанные Национальным Лидером Туркменского народа Гурбангулы Бердымухамедовым и Президентом Туркменистана Сердаром Бердымухамедовым. В этих трудах раскр...
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Owganystana saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Abdul Gani Baradar bilen duşuşdy. Abdul Gani Baradar türkmen halkynyň Milli Liderini mähirli mübärekläp, Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara Owganystanda ýokary baha berilýändigini belledi. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan bilen Owganyst...