SOŇKY HABARLAR
«Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» Dialogynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Astana şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» Dialogyna gatnaşyjy ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesindäki duşuşyga gatnaşdy. Duşuşyga şeýle hem Ýaponiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary, Gazagystanda akkreditlenen Merkezi Aziýa ýurtlaryn...
Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Toşiaki Endo bilen duşuşyk
2024-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy Toşiaki Endonuň ýolbaşçylygyndaky Ýapon parlamentiniň wekiliýetiniň agzalarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky özara gatnaşyklara aýratyn üns bermek arkaly, ýurtlaryň arasynda...
Türkmenistanyň DIM-de Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Teri Hakalanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Çäräniň dowamynda hyzmatdaşlygyň möhüm gün tertibi hem-de Türkmenistanyň we ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşyldy. Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda daşky gurşawy goramak, ýaşyl we sanly özgertmel...
Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti 10-14-nji maýy aralygynda Duşenbe şäherinde geçirilyän “Şaşmakom” Halkara simpozium-festiwalyna gatnaşýar.
“Şaşmakom-Täjik halkynyň ajaýyp medeni mirasy bolup duryar. Şonuñ üçin bu sungata bagyşlanyp “Şaşmakom” güni yglan edilip her ýylyñ 12-nji maýy Täjigistanda uludan bellenilýär. Festiwalyň açylyş dabarasy 11-nji maýda Täjigistanyñ S.Aýni adyndaky opera we balet akademiki döwlet teatrynda geçirildi. 12-nji maýda gatnaşyjy ýurtlaryň döredijilik wekiliýetleriniň gatnaşmagynda gala konserti geçirildi.
Türkmenistanyň DIM-de metbugat-brifingi geçirildi
2024-nji ýylyň 10-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde şanly sene – türkmen halkynyň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilýän çäreleri, hususan-da Medeniýet ministrleriniň halkara maslahatyny, Aşgabadyň günortasynda Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasyny hem-de beýleki çäreleri guramaga we geçirmäge bagyşlanan metbugat-brifingi geçirildi. Çäräni Tükmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşim...
Türkmenistanyň Prezidenti Ýeňiş güni mynasybetli Moskwada geçirilen dabaralara gatnaşdy
2024-nji ýylyň 9-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 1941 - 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli dabaraly çärelere hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. Bellenilen wagtda hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni Kreml binasynyň ýanyna geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Russiýanyň Prezidenti mähirli garşylady. Kremlden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuh...
Türkmenistanyň DIM-de Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň başlygy bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-de ministriň orunbasary Mähri Bäşimowa Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň başlygy Neda Berger bilen duşuşdy. Taraplar Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini nygtamak bilen, medeniýet ulgamyndaky netijeli gatnaşyklary belläp geçdiler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Awstriýanyň medeniýet-sungat işgärleriniň bilelikde işjeň gatnaşýan çäreleriniň ähmiýeti dogrusynda aýdyldy. Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň gat...