SOŇKY HABARLAR
Hazar deňziniň meseleleri boýunça türkmen-eýran geňeşmeleri geçirildi
2025-nji ýylyň 7-8-nji apreli aralygynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Hazar deňzi institutynda deňiz serhet çyzygyny kesgitlemek, balykçylyk sebitleriniň çäklerini anyklamak, başlangyç çyzygy çekmek, şeýle hem Hazar deňziniň düýbi boýunça araçäkleriniň bellenilmegi bilen bagly meseleler we degişli resminalar babatynda ikitaraplaýyn geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Hazar deňzi institutynyň direktory Myrat Atajanow, eýran tarapyna bolsa Eýranyň Daşary işler ministriniň...
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Parlamentara bileleşigiň 150-nji ýubileý Assambleýasyna gatnaşdy
2025-nji ýylyň 5-7-nji apreli aralygynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Daşkent şäherinde geçirilen Parlamentara bileleşigiň 150-nji ýubileý Assambleýasyna gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasynda saparda boldy. Saparyň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Parlamentara bileleşigiň Assambleýasyna gatnaşmak üçin Daşkent şäherine gelen Merkezi Aziýa döwletleriniň parlament ýolbaşçylaryny kabul...
Türkmenistanyň we Efiopiýanyň Daşary işler ministrleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar
2025-nji ýylyň 8-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasynyň Daşary işler ministri Gedion Timotewosyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Taraplar iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Döwletara gatnaşyklarynyň hukuk binýadyny giňeltmek barada pikir alyşmalar geçirildi. Iki ýurduň daşary s...
Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň 71-nji mejlisine gatnaşmagyň çäginde birnäçe duşuşyklary geçirdi
2025-nji ýylyň 8-nji aprelinde BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) 71-nji mejlisiniň çäginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Hojamyrat Geldimyradowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti UNECE-iň Ýerine ýetiriji sekretary Tatýana Molçan bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Durnukly ösüş, söwda, daşky gurşaw, ulag we energetika ugurlaryndaky özara gatnaşyklary...
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşdy
2025-nji ýylyň 5-nji aprelinde Prezident Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşdy. Merkezi Aziýa döwletleri bilen ÝB-niň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen şu gezekki sammitiň gün tertibine söwda-ykdysady, maýa goýum gatnaşyklaryny berkitmek, “ýaşyl” energetikany, “ýaşyl” ykdysadyýeti ilerletmek, ulag we sanly aragatnaşygy gowulandyrmak, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek bilen baglanyşykly meseleler gir...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
2025-nji ýylyň 3-nji aprelinde “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Iki goňşy döwletiň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Prezident Serdar Be...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 3-nji aprelinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Samarkant şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitiň çäklerinde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy hanym Odil Reno-Basso bilen duşuşdy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, iki sebitiň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine bagyşlanan ýokary derejeli forumyň çäklerinde duşuşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz T...