SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-russiýa DIM-ara geňeşmeleri geçirildi
2024-nji ýylyň 1-nji martynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Werşininiň gatnaşmaklarynda türkmen-rus syýasy geňeşmeleriniň nobatdaky tapgyry geçirildi. Duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşi bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy boýunça pikir alşyldy. Şu nukdaýnazardan, ýurtlarymyzyň arasyndaky strategiki häsiýete eýe bolan dostlukly we ynamly gatnaşyklaryň netijeli d...
Täjigistanyň SSE-da ikitaraplaýyn özarahereketleriň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 29-njy fewralynda Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçisi A.Goçmyradowyň TR-niň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň orunbasay H.Rajapow bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Duşenbe şäherine iş sapary bilen gelen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekiliýeti hem gatnaşdy. Gepleşikleriň dowamynda taraplar özara durmuşa geçirmek üçin ähmiýetli mümkinçiliklere eýe bolan söwda-ykdysady ulgamyndaky ikitaraplaýyn türkmen-täjik özarahereketlerini has h...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň netijelerine bagyşlanan maslahat geçirildi
2024-nji ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň netijelerine bagyşlanan maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan guralan bu çärä ýurduň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem-de talyp ýaşlary gatnaşdylar. Maslahatda «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysad...
В Душанбе обсуждены вопросы дальнейшего развития туркмено-таджикского торгово-экономического взаимодействия
28 февраля 2024 года начался рабочий визит делегации Союза промышленников и предпринимателей Туркменистана (СППТ) в город Душанбе. 28 февраля в здании Министерства экономического развития и торговли Республики Таджикистан прошла встреча туркменской делегации во главе с Начальником отдела агропромышленного комплекса и рыболовства СППТ М.Байрамдурдыевым с Начальником Управления внешнеэкономических связей Министерства экономического развития и торговли РТ Д.Шарифи. В ходе конструктивной бесед...
Tähran şäherinde Konsullyk, serhet we gümrük meseleleri boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
2024-nji ýylyň 27-nji fewralynda Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Konsullyk, serhet we gümrük meseleleri boýunça Hökümetara türkmen-eýran toparynyň 16-njy mejlisi geçirildi. Onuň işine iki ýurduň degişli ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Mejlisde Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministriň orunbasary A.Gurbanow, Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýetine bolsa, Daşary işler ministriniň orunbasary Alireza Bikde...
“Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnalynyň nobatdaky täze sany çapdan çykdy
Žurnalyň täze sany Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň amala aşyran daşary ýurt saparlary we gepleşikleri, şol sanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmagy, Türkiýe Respublikasyna amala aşyrylan resmi saparyny, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet baştutanlarynyň sammitine, BMG-nyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna we GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna...
Owganystanyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk barada
2024-nji ýylyň 26-njy fewralynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Owganystanyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Amir Han Mottakiniň ýolbaşçylygyndaky dürli döwlet düzümleriniň, ýagny Dag-magdan senagaty we nebit ministrliginiň, «Da Afghanistan Breshna Sherkat» energetika kompaniýasynyň, Owganystanyň demirýol müdirliginiň wekillerinden ybarat bolan wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn...