RSS

SOŇKY HABARLAR

28 Awg

Mejlisiň Başlygynyň Somali Federatiw Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşygy barada

2024-nji ýylyň 27-nji awgustynda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowanyň Somali Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Ankara ş.) Fathudin Ali Mohamed bilen duşuşygy geçirildi. Ilçi özüniň ynanç hatyny türkmen tarapyna gowşurdy. Mejlisiň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady. Ilçi Fathudin Ali Mohamed Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Somaliniň ýokary derejeli ýolbaşç...

DOWAMY
28 Awg

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi barada

2024-nji ýylyň 27-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Taraplar Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň barha pugtalandyrylýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Söhbetdeşligiň dowamynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika ulgamlaryndaky döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ö...

DOWAMY
27 Awg

Somali Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy

2024-nji ýylyň 27-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Somali Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Ankara ş.) Fathudin Ali Mohamed bilen duşuşyk geçirdi. Ilçi özüniň ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy. M.Başimowa diplomaty jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady we diplomatik işinde üstünlik arzuw etdi. Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary hem-de halkara guramalaryň, husu...

DOWAMY
27 Awg

Mawrikiý Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy

2024-nji ýylyň 27-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Mawrikiý Respublikasynyň Türkmenistandaky ilkinji Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Heswar Janke bilen duşuşyk geçirdi. Ilçi özüniň ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde zerur bolan goldawy we ýardamlary...

DOWAMY
27 Awg

Türkmenistanyň Prezidenti «Dragon Oil» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

2024-nji ýylyň 26-njy awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Dragon Oil» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Saýed Al Taýeri kabul etdi. Saýed Al Taýer wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny beýan etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Birleşen  Arap Emirlikleriniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň...

DOWAMY
27 Awg

Mejlisiň Başlygy Kamboja Patyşalygynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 26-njy awgustynda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Kamboja Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Ankara ş.) Sok Çeadan ynanç hatyny kabul etdi. Parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan jenap Sok Çeany jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi. Hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, Kambojanyň Ilçisi ýokary ýolbaşçylarynyň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdi...

DOWAMY
26 Awg

Kamboja Patyşalygynyň Türkmenistandaky Ilçisi ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy

2024-nji ýylyň 26-njy awgustynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Kamboja Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sok Çeanyň (oturýan ýeri Ankara ş.) arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar syýasy-diplomatik gepleşikleri ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak bilen, halkara we sebit formatlaryndaky, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini belläp geçdile...

DOWAMY