RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
14 Iýul

Türkmenistanyň we Kipr Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

2025-nji ýylyň 14-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Kipr Respublikasynyň Daşary işler ministri Konstantinos Kombosyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlary, şeýle hem BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty (LLDC 3) bilen baglanyşykly wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

DOWAMY
pic
14 Iýul

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili bilen duşuşyk

2025-nji ýylyň 14-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Çžun Huanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ösüşiniň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk meseleleri boýunça pikir alyş...

DOWAMY
pic
14 Iýul

Awazada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk görmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-nji ýylyň 13-nji iýunynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow guramaçylyk döwlet toparynyň şu ýylyň 4-8 -ji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmäge bagyşlanan maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda halkara maslahaty we onuň çäklerinde guraljak ugurdaş çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirm...

DOWAMY
pic
13 Iýul

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynda duşuşyk

2025-nji ýylyň 12-nji iýunynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Stanislaw Çepurnoý bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar gaznanyň we Belarusyň degişli guramalarynyň arasynda çagalaryň saglygyny goramak hem-de goldamak ugrundaky hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini...

DOWAMY
pic
12 Iýul

12-й Диалог высокого уровня по политике и вопросам безопасности между ЕС и ЦА

11 июля 2025 года в Душанбе состоялся 12-й Диалог высокого уровня по политике и вопросам безопасности между Европейским союзом и странами Центральной Азии на уровне заместителей глав внешнеполитических ведомств. В заседании приняли участие представители Европейской службы внешнеполитической деятельности, а также высокопоставленные представители из Казахстана, Кыргызстана, Таджикистана, Туркменистана и Узбекистана. В ходе встречи были рассмотрены актуальные аспекты регионального и межрегион...

DOWAMY
pic
11 Iýul

Türkmenistanyň we Günorta Sudanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler

2025-nji ýylyň 11-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Günorta Sudan Respublikasynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Mondeý Simaýa Kumbanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleriň giň toplumy boýunça pikir alyşdylar, şeýle hem BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlygy ara alyp maslah...

DOWAMY
pic
10 Iýul

Türkmenistanyň we Çad Respublikasynyň Daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler

2025-nji ýylyň 10-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Çad Respublikasynyň Daşary işler, afrikan integrasiýasy we daşary ýurtdaky çadlylaryň işleri boýunça ministri Abdulaýe Sabre Fadulyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna we ösdürmegiň geljegine garadylar. Taraplar halkara guramalarynyň çägindäki özara gatnaşyklara aýratyn üns berdiler. Şunuň bilen baglylykd...

DOWAMY