SOŇKY HABARLAR
Bişkek şäherinde Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi
2025-nji ýylyň 26-njy fewralynda Bişkek şäherinde Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Daşary işler ministri Raşid Meredow, gyrgyz tarapyna Gyrgyzystanyň Daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýew ýolbaşçylyk etdi. Konstruktiw ýagdaýda geçirilen geňeşmeleriň gün tertibine syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleriniň giň toplumy g...
Türkmenistan we Türkiýe bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy täze derejesine çykýarlar
2025-nji ýylyň 24-25-nji fewralynda Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Ankara şäherinde iş sapary bilen boldy. Saparyň esasy maksady Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky Bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiň dördünji mejlisine gatnaşmakdan ybarat boldy. Mejlis 25-nji ýanwarda Türkiýe Respublikasynyň Milli bilim ministrliginiň binasynda geçirildi. Wekiliýetlere Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýew we Türkiýe Respublika...
Ankara şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-türk toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
2025-nji ýylyň 24-25-nji fewralynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Türkiýe Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäginde Ankara şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-türk toparynyň sekizinji mejlisi geçirildi. Mejlisde Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Nökerguly Atagulyýew, Türkiýe Respublikasynyň wekiliýetine bolsa Türkiýe Respublikasynyň Wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz ýolbaşçylyk etdi. Mejlisiň işini açyp, Hökümet...
Ankara şäherinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy bilen Türkiýäniň Prezidentiniň arasynda duşuşuyk geçirildi
2025-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan iş sapary bilen Ankara şäherine gelen Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýagözel Gulmanowany kabul etdi. Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň adyna ýollan mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Duşuşygyň...
Türkmenistan we Türkiýe parlamentara gatnaşyklaryny işjeňleşdirýärler
2025-nji ýylyň 24-25-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkiýe Respublikasynda iş sapary bilen boldy. 24-nji fewralda D.Gulmanowa bilen Türk-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Haluk Ipegiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy we parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar....
В МИД Туркменистана прошли переговоры с делегацией Европейского парламента
25 февраля 2025 года в МИД Туркменистана состоялась встреча с делегацией Европейского парламента во главе с г-жой Джузеппиной Принчи, руководителем группы по сотрудничеству со странами Центральной Азии. В ходе переговоров стороны высоко оценили сотрудничество Туркменистана с Европейским парламентом. Было отмечено, что сегодня в конструктивном ключе прошло восьмое заседание между представителями Меджлиса Туркменистана и Европейского парламента. Дана высокая оценка политике позитивного н...
HHR-yň Gansu welaýatynyň Halk hökümetiniň Daşary işler boýunça edarasynyň direktorynyň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Gansu welaýatynyň Halk hökümetiniň Daşary işler boýunça edarasynyň direktorynyň orunbasary Çžao Szýun bilen duşuşyk geçirildi. Gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalaryň dowamynda söhbetdeşler häzirki wagtda hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygyň çäklerinde türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň depginli ösýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Tar...