SOŇKY HABARLAR
TÜRKMEN-KATAR HYZMATDAŞLYGYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY MASLAHATLAŞYLDY
2022-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň Katar Döwletiniň Tütkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Muhammed Meshel Al-Otaibi bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda diplomatlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar. Döwletara gatnaşyklary ösdürmekde iň ýokary we ýokary derejedäki saparlaryň örän uly ähmiýetiniň bardygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistany...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ II HAZAR YKDYSADY FORUMYNA GATNAŞMAGY
2022-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda Moskwa şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Hojamyrat Geldimyradowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ikinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşdy. Forumyň umumy mejlisiniň çäklerinde hazarýaka ýurtlarynyň arasynda energetika, söwda we maýa goýumlary, ulag we logistika, «ýaşyl» ykdysadyýet we durnukly ösüş, telekeçilik işi, ylym we innowasiýalar, amatsyz sanitariýa-epidemiologiki ýagdaýlaryna garşy göreşmek ýaly birnäçe ugurlar...
“TÜRKMENISTAN – ABŞ” IŞEWÜRLIK GEŇEŞINIŇ MEJLISI
2022-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly “Türkmenistan – ABŞ” işewürlik geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga Türkmenistanyň Hökümetiniň agzalary, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Geňeşiň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart, ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi M.Klimou hem-de «John Deere», «Case New Holland», «Boeing», «Exxon Mobil» General Electric, «Coca C...
ВСТРЕЧА С ПЕРВЫМ ЗАМЕСТИТЕЛЕМ ПОМОЩНИКА ГОССЕКРЕТАРЯ США БЮРО ПО КОНТРОЛЮ НАД ВООРУЖЕНИЯМИ, ПРОВЕРКЕ И СОБЛЮДЕНИЮ
5 октября 2022 года в здании МИД Туркменистана Заместитель министра иностранных дел Туркменистана В.Хаджиев провел переговоры с Первым заместителем Помощника Госсекретаря США Бюро по контролю над вооружениями, проверке и соблюдению Полом Дином. На встрече были обсуждены различные направления двустороннего сотрудничества в области безопасности. Стороны рассмотрели вопросы региональной и международной повестки, подчеркнули необходимость эффективного противодействия современным вызовам и угро...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI IKAO GURAMASYNYŇ ASSAMBLEÝASYNYŇ 41-NJI MEJLISINE GATNAŞDY
Halkara raýat awiasiýa guramasynyň (ICAO) ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekili M.Orazow 2022-nji ýylyň 27-nji sentýabryndan 7-nji oktýabry aralygynda Kandanyň Monreal şäherinde geçirilýän IKAO-nyň Assambleýasynyň 41-nji mejlisine gatnaşdy. Çärede gurama agza döwletler we halkara guramalaryň wekilleri 21-nji asyrda howa ulaglarynyň durnuklylygyna we sanly ulgama geçmegine ýardam berjek IKAO-nyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň hökümeti, 2012-2030-njy...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ AZIÝA OLIMPIÝA GEŇEŞINIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 41-NJI MEJLISINE GATNAŞMAGY
2022-nji ýylyň 3-5-nji oktýabry aralygynda Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasynyň 41-nji mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Kamboja Patyşalygynyň Pnopmen şäherinde iş saparynda boldy. Gün tertibine laýyklykda, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň hem-de Tomusky we Gyşky Aziýa oýunlarynyň guramaçylyk işleri boýunça komitetleriň hasabatlary diňlenildi. Şeýle hem Baş Assambleýanyň dowamynda Aziýa sebitinde spo...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE AZIÝA WE ÝUWAŞ UMMAN SEBITINIŇ FORUMYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK
2022-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň ýurdumyzyň Adalatçynyň Diwanynyň mümkinçiliklerine baha bermek üçin Aziýa we Ýuwaş umman sebitiniň Forumynyň ýörite wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda adam hukuklary boýunça halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen bagly meseleleri ara alnyp malshatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliniň – Adalatçynyň edarasynyň abraýly halkara...