SOŇKY HABARLAR
EMOMALI RAHMON AŞGABADA IŞ SAPARY BILEN GELDI
2021-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň Türkmenistana iş sapary amala aşyrylar. Saparyň dowamynda Täjigistan Respublikasynyň Baştutany 28-nji noýabrda Türkmenistanyň ýolbaşçylygynda geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Döwlet Baştutanlarynyň XV duşuşygyna gatnaşar. Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinde ýokary derejeli myhmany resmi garşy almak çäresinden soňra bu ýerde Türkmenistanyň we Täjigistanyň Liderleriniň söhbe...
AŞGABATDA YHG-NIŇ AGZA DÖWLETLERIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ 25-NJI MEJLISI GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 25-nji mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Gurama agza ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary türkmen paýtagtyna geldiler. Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministri R.Meredow ýolbaşçylyk etdi. Mejlisde YHG-na agza döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 24-nji duşuşygynyň başlygy - Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler minis...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINE GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ADYNDAN MINNETDARLYK HATY GELIP GOWUŞDY
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna ýollan hatynda, Aşgabada amala aşyran döwlet saparynyň dowamynda bildirilen mähirli myhmansöýerligi üçin minnetdarlyk sözlerini beýan edýär. «2021-nji ýylyň 24-25-nji oktýabrynda Türkmenistana bolan meniň ilkinji döwlet saparymyň ýokary guramaçylygy hem-de aýratyn myhmansöýerligiňiz üçin Size çuňňur minnetdarlygymy bildirýärin. Ynanyşmak we özara düşünişmek ýagdaýynda geçi...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WE GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI ÖZARA BÄHBITLI HYZMATDAŞLYGYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
Öň hem habar berlişi ýaly, 2021-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistana döwlet sapary bilen geldi. Saparynyň birinji güni Gazagystanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy. Bu ýerde Döwlet ýolbaşçylary naýbaşy ahalteke bedewlerine syn etdiler. Soňra Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Kasym-Žomart Tokaýew meşhur «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ajaýyp çykyşlaryna tomaşa et...
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI DÖWLET SAPARY BILEN TÜRKMENISTANA GELDI
2021-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň çakylygy boýunça Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew ýurdumyza döwlet sapary bilen geldi. Iki ýurduň Prezidentleri Türkmenistanyň Ahalteke atçylyk toplumyna bardylar. Ol ýerde döwlet ýolbaşçylary ahalteke bedewlerini synladylar hem-de “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryna tomaşa etdiler. Saparyň çäklerinde 25-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagys...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI: «DÜNÝÄ SYÝASATYNA HUKUGA BOLAN HORMATYŇ, GEPLEŞIKLER MEDENIÝETINIŇ, YNANYŞMAGYŇ HEM-DE DÖWLETLERIŇ ARASYNDAKY GATNAŞYKLARYŇ KESGITLILIGINIŇ GAÝTARYP GETIRILMEGI DERWAÝYSDYR»
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde eden çykyşynda, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow: «Biziň pikirimizçe, ýakyn ýyllarda global proseslerde durnukly orunlaryň gazanylmagy maksady bilen, Arkalaşygyň ykdysady özara hereketleriniň ösdürilmegi, umumy senagat, gor, tehnologiki mümkinçilikleriniň ulanylmagy öňe çykýan meseleleriň hatarynda bolar», diýip belläp geçdi. Şeýle hem Döwlet Baştutany, Türkmenistany...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GARAŞSYZ DÖWLETLERIŇ ARKALAŞYGYNYŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISINE GATNAŞDY
2021-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet baştutanlarynyň Geňeşiniň sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly mejlisi geçirildi. Mejlise Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti I.Aliýew, Belarus Respublikasynyň Prezidenti A.Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti K.Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti S.Žaparow, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti W.Putin, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti E.Rahmon, Türkmenistanyň Prezidenti G.Berdimuhamedow, Özbeg...