SOŇKY HABARLAR
«Hazar deňzi – Gara deňiz» halkara üstaşyr we ulag geçelgesi boýunça iş duşuşygy geçirildi
2025-nji ýylyň 10-njy fewralynda «Hazar deňzi – Gara deňiz» halkara üstaşyr we ulag geçelgesini döretmek we durmuşa geçirmek hakynda hökümetara Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly dörttaraplaýyn iş duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýanyň we Rumyniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň, ulag ulgamy boýunça jogapkär ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. D...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
2025-nji ýylyň 10-njy fewralynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Taraplar mähirli salamlaşyp, hoşniýetli goňşuçylyga, dost-doganlyga esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan, öz...
Türkmenistanda Gwatemala Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
2025-nji ýylyň 10-njy fewralynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Gwatemala Respublikasynyň ýurdumyzda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Eduardo Enrike Ernandes Resinosdan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda alyp barjak işinde üstünlikleri arzuw etdi. Diploma...
Gwatemala Respublikasynyň Ilçisi Türkmenistanyň DIM-de ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
2025-nji ýylyň 10-njy fewralynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Gwatemala Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Ankara ş.) Eduardo Enrike Ernandes Resinosyň arasynda duşuşyk geçirildi. Ilçi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. A.Gurbanow Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde zerur bolan goldawy we ýardamlary bermäge t...
Türkmenistanyň Täjigistandaky Ilçisiniň BMG-nyň Täjigistandaky hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşygy
2025-nji ýylyň 10-njy fewralynda türkmen tarapynyň teklibi bilen, BMG-nyň Täjigistandaky hemişelik wekilhanasynda Ilçi A.Goçmyradow bilen Täjigistandaky BMG-nyň hemişelik utgaşdyryjysy R.Parwatiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda söhbetdeşler Türkmenistan bilen BMG-nyň arasynda özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň häzirki ýagdaýy we geljegi, şeýle hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamynda geçiriljek çäreler bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Husu...
Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasynda Gahryman Arkadagymyzyň "Hakyda göwheri" atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy we ýylyň şygaryna bagyşlanan çäre
2025-nji ýylyň 6-njy fewralynda Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasynda Milli Liderimiziň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyna, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi. Çärä Täjigistanda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň abraýly wekilleri, Täjigistanyň ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmen talyplary, intelligensiýanyň wekileri we I...
Türkmenistanyň wekiliýeti Astanada geçirilen ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşdy
2025-nji ýylyň 6-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Pekin jarnamasynyň we Hereketleriň platformasynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen «2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň ýerine ýetirilmegine çenli 5 ýyl: Merkezi Aziýanyň geljegi» atly ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşdy. Çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şol sanda gender deňligi...