SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ ÝUNESKO BILEN HYZMATDAŞLYGYNYŇ TÄZE TAPGYRLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow ÝUNESKO-nyň Tähran şäherinde ýerleşýän Klaster edarasynyň Başlygy jenap Swetan Swetkowski bilen duşuşdy. Uşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasynyň (ÝUNESKO) arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň milli hem-de...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BMG-NIŇ NEŞE SERIŞDELERINE WE JENAÝATLARA GARŞY MÜDÜRIÝETINIŇ SEBIT ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYK GURALDY
2020-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň BMG-niň Neşe serişdelerine we jenaýatlara garşy göreş müdiriýetiniň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin edarasynyň ýolbaşçysy hanym Aşita Mittal bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda türkmen tarapy BMG-niň Neşe serişdelerine we jenaýatalara garşy göreş müdiriýetiniň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin edarasynyň ýolbaşçysyna, “Türkmenistan we halkara guramalary: par...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI OMAN SOLTANYNYŇ ARADAN ÇYKMAGY ZERARLY GYNANÇ BILDIRDI
2020-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Omanyň Soltany Kabus bin Saýidiniň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanjyny bildirdi.
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE GYNANÇ HATYNY IBERDI
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhana Tähran şäheriniň golaýynda «Ukrainanyň halkara howa ýollary» awiakompaniýasynyň ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagy we bu betbagtçylygyň netijesinde Eýranyň köp sanly raýatynyň pida bolmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.
EÝRANYŇ TÜRKMENISTANDAKY TÄZE BELLENEN ILÇISI BILEN DUŞUŞYK
2020-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda Daşary işler ministri R.Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Golam Abbas Arbab Hales bilen duşuşygy geçirildi. Öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşuryp, Ilçi Golam Abbas Arbab Hales ýokary diplomatik wezipesine bellenilmegi bilen türkmen tarapynyň gutlagyna minnetdarlyk bildirdi we Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljekde has hem berkidilmegine ynam bildird...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE YSRAÝYLYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
Şu gün, 2020-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri özüniň ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Ysraýyl Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Moşe Kamhini kabul etdi. Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan Ysraýylyň Ilçisine bu wezipede zähmet çeken döwründe alyp baran önjeýli işi hem-de türkmen-ysraýyl hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna goşan ähmiýetli goşandy üçin minnetdarlyk sözlerini...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI UKRAINANYŇ PREZIDENTINE GYNANÇ HATYNY ÝOLLADY
2020-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiýe Tähran şäheriniň golaýynda «МАУ» awiakompaniýasynyň ýolagçy uçarynyň köp sanly adam pidalaryna getiren heläkçilige uçramagy zerarly gynanç hatyny ýollady.