SOŇKY HABARLAR
AŞGABATDA DIN AZATLYGY MESELELERINE BAGYŞLANAN TEGELEK STOL GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 25-nji noýabrynda Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda Türkmenistanda din we din azatlygy meselelerine bagyşlanan tegelek stol geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Adalatçysy, Türkmenistanyň Daşary işler, Içeri işler, Adalat ministrliklerinden, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutyndan wekiller, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky dini meseleler boýunça bölüminiň hünärmenleri, şeýle-de Türkmenistanyň çäginde hereket edýän dürli konfessiýalardyr dini guramalaryň weki...
TÜRKMEN-EMIRLIKLER GATNAŞYKLARY HYZMATDAŞLYGYŇ ÄHLI UGURLARY BOÝUNÇA BERKIDILÝÄR
2019-njy ýylyň 23-nji noýabrynda Dubaý şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Halkara hyzmatdaşlyk döwlet ministri Rim bint Ibragim Al Haşiminiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda ministrler türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň ösüşini, şol sanda söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara meseleleri babatda meňzeş nukdaýnazarlaryň hem-de başlangyçlaryň köptaraplaýyn görnüşlerde ikitarapla...
TÜRKMEN WEKILIÝETINIŇ AWSTRIÝA SAPARY
2019-njy ýylyň 13-14-nji iýunynda Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň onunjy mejlisi geçirildi. Mejlise toparyň türkmen we awstriýa bölekleriniň agzalary, şeýle hem iki tarapdan çagyrylan guramalaryň we kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar. Taraplar mejlisiň gün tertibine girizilen meseleleriň giň toplumy boýunça özara pikir alyşdylar. Toparyň dokuzynjy mejlisinde öňe sürlen teklipleriň ýerine ýetirilişi, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklar, sa...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE HGHK-Ň WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 14-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, Aşgabada iş sapary bilen gelen Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň (HGHK) ştab-kwartirasynyň Balkan, Gündogar Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky amallar boýunça utgaşdyryjysy j-p Nikolýa Flýoriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda HGHK-ň dünýädäki we sebitdäki häzirki alyp barýan işlerine gysgaça syn geçirildi. Soňra, taraplar global we sebitleýin ynsanperwer häsiýetli meseleler barada...
TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK WEKILI ÝUNESKO-DA IŞE BAŞLADY
2019-njy ýylyň 13-nji iýunynda Pariž şäherinde Türkmenistanyň Ilçisi S.Jumaýew ÝUNESKO-nyň Baş Direktory hanym Odri Azulä özünin Türkmenistanyň bu Guramanyň ýanyndaky Hemişelik Wekili hökmünde bellenendigi baradaky hatyny gowşurdy. Gowşurylyş dabarasy tamamlanandan soňra, Ilçi S.Jumaýew bilen ÝUNESKO-nyň Baş Direktorynyň arasynda söhbetdeşlik boldy. Türkmenistanyň Ilçisi hanym Odri Azulä Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyzgyn salamyny we in gowy arzuwlaryny ýeti...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI YLYMLAR GÜNI MYNASYBETLI MASLAHAT GEÇIRDI
2019-njy ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Ylymlar güni mynasybetli ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynda maslahat geçirdi. Maslahata Ministrler Kabinetiniň agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, KHBS-niň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň alymlary, professorlary hem-de mugallymlary gatnaşdylar. Maslahatyň başynda hormatly Prezidentimiz oňa gatnaşyjylary hem-de ýu...
BAKU ŞÄHERINDE “AWAZA” MILLI SYÝAHATÇYLYK ZOLAGYNDA GEÇIRILJEK BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMY BARADA TEGELEK STOL GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Ilçihanasy Azerbaýjanyň halkara gatnaşyklarý seljeriş Merkezi bilen bilelikde şu ýylyň awgust aýynyň 12-sine “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlap tegelek stoluň başyndaky duşuşygy geçirdi. Tegelek stoluň başyndaky duşuşyga Baku şäherinde ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we işgärleri, deputatlar, maliýe-ykdysady we maýa goýum edaralarynyň wekilleri, bi...