RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
28 Apr

Türkmenistanda Türkmen bedewiniň milli baýramy giňden bellenilip geçildi

2019-njy ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistan ählihalk dabarasy – Türkmen bedewiniň baýramyny giňden belläp geçdi. Aşgabatda geçirilen dabaralaryň çäklerinde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralary çäreleriň ençemesi geçirildi. Köpsanly ýurtlardan myhmanlar Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza geldiler, olaryň arasynda RF-niň Tatarstan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň ýolbaşçy...

DOWAMY
pic
27 Apr

Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistana geldi

2019-njy ýylyň 27-nji aprelinde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow iş sapary bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşygyň geçirilmegine garaşylýar. Onuň dowamynda dürli pudaklar boýunça özarabähbitli gatnaşyklaryň ösüş meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle-de Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmen bed...

DOWAMY
pic
26 Apr

Türkmen sürüjileri Astrahanda geçýän “Kaganyň Altyny-2019”atly ralli-reýde üstünlikli girişdiler

2019-njy ýylyň 25-nji aprelinde Astrahan oblastynda Russiýanyň ralli-reýdler boýunça ýaryşynyň ikinji tapgyry bolan “Kaganyň Altyny-2019” atly ralli-reýdi başlandy. Bu halkara ýaryşyna Türkmen awtomobil sportuna “Amul-Hazar 2018” halkara awtorallisine gatnaşan tejribeli sürüjiler wekilçilik edýärler. “Kaganyň Altyny-2019” ralli-reýdi üç günläp dowam edýär we oňa Türkmenistandan, Russiýadan, Gazagystandan, Latwiýadan, Finlýandiýadan we Ukrainadan türgenler gatnaşýar. Ýaryşyň umumy uzynlygy 700...

DOWAMY
pic
26 Apr

Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi

2019-njy ýylyň 26-njy aprelinde Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi.   Dabaraly çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlary we talyplary, Türkmen...

DOWAMY
pic
26 Apr

Türkmenistan 2019-njy ýylda GDA-da baştutanlyk edýär

2019-njy ýylda Türkmenistan şol bir wagtda Döwlet Baştutanlarynyň geňeşinde, Hökümet Baştutanlarynyň geňeşinde, Daşary işler ministrleriniň geňeşinde, Ykdysady geňeşinde, Arkalaşygyň agza döwletleriniň hemişelik ygtyýarly wekilleriniň geňeşinde, Arkalaşygyň düzgünnamalaýyn we beýleki edaralarynda, şeýle hem GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleleri boýunça Komissiýasynda başlyklyk eder. Türkmenistanyň 2019-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boý...

DOWAMY
pic
25 Apr

Astrahanda Hazaryň goranmak edaralarynyň wekiliýetleriniň duşuşygy geçirildi

2019-njy ýylyň 22-24-nji apreli aralygynda Astrahan şäherinde (Russiýa Federaiýasy) Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynyň (HDDUI) binýadynda 2018-nji ýylyň awgustynda Aktau şäherinde geçirilen Hazar ýurtlarynyň Baştutanlarynyň V Sammitiniň barşynda gol çekilen Hazar deňzinde hadysalaryň öňüni almak hakynda ylalaşygyň ýerine ýetirilişiniň barşy bilen bagly bolan meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy boýunça Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Russiýanyň goranmak edaralar...

DOWAMY
pic
25 Apr

Aşgabatda Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi

2019-njy ýylyň 25-nji aprelinde Aşgabat şäheriniň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň ýedinji mejlisi geçirildi.   Türkmen tarapyndan duşuşyga Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet, daşary işler, bilim, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň, şeýle hem «Türkmengaz» Döwlet konserniniň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Britan tarapyndan mejlise Beýik Britaniýanyň Parlamentiniň Lordlar...

DOWAMY