RSS

SOŇKY HABARLAR

30 Maý

Türkmenistan bilen Şri-Lankanyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

2024-nji ýylyň 30-njy maýynda Türkmenistanyň we Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň gurluş düzümleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda wideo aragatnaşyk arkaly geňeşmeler geçirildi. Geňeşmeleriň dowamynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady, maýa goýum, medeni-ynsanperwer, oba hojalyk çygyrlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem mundan beýläkki ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary...

DOWAMY
29 Maý

Türkmenistanyň wekiliýeti «Merkezi Aziýa – Italiýa» formatyndaky ministrler konferensiýasyna gatnaşdy

2024-nji ýylyň 29-njy maýynda Rim şäherinde «Merkezi Aziýa – Italiýa» formatyndaky ministrler konferensiýasy geçirildi. Çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Italiýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk etdi. Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, hususan-da sebitleýin hem-de ählumumy durnuklylygy saklamak we...

DOWAMY
28 Maý

Состоялась встреча с Региональным представителем УВКПЧ ООН для Центральной Азии

28 мая 2024 года в Министерстве иностранных дел Туркменистана состоялась встреча заместителя министра иностранных дел Туркменистана Мяхри Бяшимовой с Региональным представителем Управления Верховного Комиссара ООН по правам человека для Центральной Азии Матильдой Богнер. В ходе встречи стороны обменялись мнениями по актуальным вопросам развития партнёрства Туркменистана с УВКПЧ ООН. Было отмечено, что в целях дальнейшего совершенствования деятельности демократических институтов и эффективного...

DOWAMY
27 Maý

Türkmen-gazak gatnaşyklaryny ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2024-nji ýylyň 27-nji maýynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Astana şäherinde saparda bolýan Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowy kabul etdi. Söhbetdeşligiň başynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Gazagystanyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň salamlaryny we iň oňat arzuwlaryny ýetirdi. Bellenilşi...

DOWAMY
27 Maý

Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

2024-nji ýylyň 27-nji maýynda Astanada Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow, gazak tarapyna – Premýer-ministriň orunbasary, Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Murat Nurtleu ýolbaşçylyk etdi. Geňeşmeleriň gün tertibi örän baý boldy. Taraplar türkmen-gazak gatnaşyklarynyň depginli ösüş bile...

DOWAMY
27 Maý

Türkmenistanyň DIM-nde Eýran Yslam Respublikasynyň işewür wekiliýetiniň agzalary bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji 27-nji maýynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Eýran Yslam Respublikasynyň işewür wekiliýetiniň agzalary bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary babatynda pikir alyşdylar. Şunuň bilen birlikde, söwda, maýa goýum, senagat ýaly ulgamlarda gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygy we bu ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin äh...

DOWAMY
25 Maý

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi

2024-nji ýylyň 24-nji maýynda paýtagtymyzyň «Garagum» myhmanhanasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýetine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradow ýolbaşçylyk etdi. Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň Prezidentiniň mähirli salamyny we mejlisiň işiniň üstünlikli geçmegi baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Ýygnananlara Arkalaşygyň çäklerinde özara gatna...

DOWAMY