RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
17 Maý

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI GIDROENERGETIKA BOÝUNÇA BÜTINDÜNÝÄ KONGRESINE GATNAŞDY

2019-njy ýylyň 14-16-njy maýy aralygynda Parižde Gidroenergetika boýunça Bütindünýä kongresi geçirildi, onuň barşynda Pariž howa ylalaşygynyň we «Durnukly, özarabaglanşykly dünýäde suwuň güýji» şygary astynda Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy.   Kongrese 70 ýurtdan resmi wekiliýetler, abraýly halkara guramalarynyň, işewürlik toparlarynyň wekilleri, bilermenler we alymlar gatnaşdylar. Onda Türkmenistana Energetika ministrliginiň we S.A.Nyýazow ad.Türkmen...

DOWAMY
pic
16 Maý

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy we alabaý hakyndaky kitabynyň üstünde işlemegini dowam etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda boldy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy we bedew bilen gezim etdi. Milli Liderimiz toplumyň çäginde täze doglan alabaý tohumyndaky güjükleri synlady we asylly däbe görä, olaryň özboluşly aýratynlyklaryny nazarda tutup, güjüklere at dakdy. Şeýle hem Arkadag Prezidentimiz bu ýerdäki iş otagynda döredijilik bilen meşgullanyp, alabaý hakyndaky täze kitabyny...

DOWAMY
pic
16 Maý

TÜRKMENISTAN WE WÝETNAM KÖPUGURLY HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEGI GÖZ ÖŇÜNDE TUTÝARLAR

2019-njy ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Wýetnamyň Kommunstik Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň halkara bölüminiň başlygynyň orunbasary Nguen Tuan Fongyň ýolbaşçylygyndaky Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky köpugurly gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlydyklaryny belläp geçdiler. Şunuň bilen baglylykda döwletara saparlarynyň guralmagynyň, has...

DOWAMY
pic
16 Maý

AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ OBA HOJALYKDA GAZANANLARYNYŇ SERGISI HEM-DE HALKARA YLMY MASLAHATY GEÇIRILÝÄR

2019-njy ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda Türkmenistanyň oba hojalygynyň gazananlaryna bagyşlanan serginiň we «Türkmenistanyň oba hojalyk ekinleriniň tohumçylyk ulgamynda ýetilen sepgitler we öňde durýan möhüm wezipeler» atly halkara ylmy maslahatynyň açylyş dabarasy geçirildi.   Dabaranyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sergä hem-de halkara ylmy maslahatyna gatnaşyjylara gutlag haty okaldy. Sergä türkmen alymlary we b...

DOWAMY
pic
15 Maý

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÖZBEGISTANYŇ MEDENIÝET MINISTRI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 15-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri GDA gatnaşyjy-döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň ХIV Forumyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet ministri Bahtiýor Saýfullaýew bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar dürli ugurlar boýunça iki doganlyk ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp geçdiler, has takygy medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürmegiň meseleleri ara alny...

DOWAMY
pic
15 Maý

ASTRAHANDA BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 14-nji maýynda Russiýanyň Astrahan şäherindäki Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan ş.) konsullygy Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň we Eýranyň diplomatlary bilen bilelikde 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlap brifing geçirdiler. Birifinge Astrahan oblastynyň Halkara we daşary ykdysady aragatnaşyklar, senagat, ulag...

DOWAMY
pic
14 Maý

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygyny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna şu ýylda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada gelen GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi. Myhman ýüzbe-ýüz duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de GDA-nyň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň Arkalaşygyň çäklerinde ynsanperwer hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen XIV forumyny hem-de...

DOWAMY