SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANDA ISPANIÝANYŇ TÄZE ILÇISI IŞE BAŞLADY
2019-njy ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ispaniýanyň Türkmenistandaky täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Moskwa şäheri) jenap Fernando Walderrama Pareha bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Ilçi özüniň ynanç hatlaryny gowşurdy we türkmen tarapyna myhmansöýerligi hem-de bu duşuşygyň ýokary derejeli guramaçylygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Ol şeýle hem sebitde howpsuzlygyň we ykdysady ösüşiň üpjün edilmeginde Türkmenistanyň möhüm...
ŞWEÝSARIÝANYŇ ILÇISI ÖZÜNIŇ TÜRKMENISTANDAKY DIPLOMATIK IŞINI TAMAMLAÝAR
2019-njy ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde özüniň diplomatik işini tamamlaýan Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Türkmenistanydaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Baku ş.) Filipp Ştalder bilen hoşlaşyk duşuşygy geçirildi. Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ilçisi, gyzgyn kabul edileni üçin minnetdarlygyny bildirip, iki ýurduň global ulgamlaryndaky hyzmatdaşlykda işjeň özara gatnaşyklary belledi. Şeýle hem, j-p Ilçi hemişeki ünsüne hem-de diplomatik i...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE KANADANYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GURALDY
2019-njy ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen, Kanadanyň Ilçisi Kristofer Kuter bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda türkmen tarapy Demirgazyk Amerika ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýeti barada belledi. Şu nukdaýnazardan alanyňda taraplar, ilkinji ýokary derejeli ikitaraplaýyn saparlary gurnamagyň mümkinçiliklerine garadylar. Şeýle hem halkara guramalaryň, esasan-da BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmek bara...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE «DÖM-NYŇ ÝAŞ ILÇILERI» BÄSLEŞIGINIŇ ÝEŇIJILERI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Türkmenistandaky Wekilhanasy hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýerleşen Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezi tarapyndan geçen ýyl yglan edilen «DÖM-nyň Ýaş ilçileri» atly bäsleşigiň ýeňijileri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda bäsleşigiň ýeňijilerine bu bäsleşikde gazanan ýeňişleri bilen baglylykda gutlaglar aýdyldy we Durnukly ösüş ma...
TÜRKMENISTANYŇ SUW, ULAG WE ENERGETIKA DIPLOMATIÝASY UGAMLARYNDA GAZANANLARYNA BAGYŞLANAN BRIFING
2019-njy ýylyň 6-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň Türkmenistanda akkreditirlenen KHBS-niň wekilleriniň hem-de Ilçihanalaryň we halkara guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň durnukly ulag, energetika we suw diplomatiýasy ulgamlarynda gazananlaryna bagyşlanan brifing geçirildi. Brifingiň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow, BMG-niň Türkmenistanyň...
AŞGABATDA STAMBUL PROSESINIŇ YNAMY BERKITMEK ÇÄRELERI BOÝUNÇA TEHNIKI TOPARYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 6-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýardam bermeginde Owganystana ýardam bermek boýunça Stambul prosesiniň “Sebit infrastrukturalary” Ynamy berkitmek çäreleriniň çäginde oňa gatnaşyjy-ýurtlaryň tehniki toparlarynyň duşuşygy geçirildi. Çärä Stambul prosesiniň gatnaşyjy-ýurtlarynyň, şeýle hem sebitleýin hem-de halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň dowamynda Çärä Stambul prosesiniň gatnaşyjy-ýurtlarynyň wekil...
TÜRKMENISTANDA GRUZIÝANYŇ TÄZE ILÇISI AKKREDITIRLENDI
2019-njy ýylyň 6-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Gruziýanyň Türkmenistandaky täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mamuku Murjiknelini kabul etdi. Duşuşygyň başynda Gruziýanyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurdy we wagt tapyp kabul edilenligi üçin çuňňur minnetdarlygyny bildirip, tutuş türkmen halkyna abdançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi. Soňra taraplar Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda bar bolan üstünlikli dostluk gatnaşyklaryny berkitmekde ýetilen sep...