SOŇKY HABARLAR
NÝU-ÝORKDA TOPH GAZ GEÇIRIJISINIŇ TANYŞDYRYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 18-nji iýulynda BMG-niň ÖM-nyň Nýu-Ýorkdaky edara binasynda Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasy tarapyndan, Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň Hemişelik wekilhanalary bilen bilelikde «Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi: hemmeler üçin ygtybarly, durnukly we häzirki zaman energiýasynyň elýeterliligni üpjün etmekde täze energetika Beýik Ýüpek ýoly» atly tanyşdyryş dabarasy gurnaldy. Çärä gatnaşyjylar üçin TOPH taslamasy boýunça surat sergisi gur...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI DURNUKLY ÖSÜŞ BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI ÇARELERE GATNAŞDY
2018-nji ýylyň 18-nji iýulynda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary S.Berdimuhamedowyň durnukly ösüş boýunça Ýokary derejeli syýasy forumynyň ministrler ýygnagynyň umumy maslahatlaşmasynda çykyş etdi. Ol öz çykyşynda DÖM-niň netijeli integrasiýasyny we ýerli aýratynlyklary we maksatlary nazara almak bilen Türkmenistanyň ösüşiniň milli strategiýasyna bagly maksatlaryny belledi. Şeýle hem ol BMG-niň ÖM, ÝB we BMG-niň ýanyndaky Slowakiýanyň Hemişelik Wekil...
TÜRKMENISTAN WE BMG GELJEKDE HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEGIŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞÝARLAR
2018-nji ýylyň 17-nji iýulynda BMG-niň Nýu-Ýorkdaky edara binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Baş Sekretarynyň ykdysady we sosial meseleleri boýunça orunbasary Lýu Ženmin bilen duşuşdy. BMG-niň Baş Sekretarynyň orunbasary Durnukly ulag ulgamy boýunça ilkinji Ählumumy maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi üçin minnetdarlygyny bildirdi we bu ugurda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy dowam etmek meýilini be...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI BMG-NIŇ HOWANDARLYGYNDA DURNUKLY ÖSÜŞ BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI SYÝASY FORUMYNYŇ MINISTRLER ÝYGNAGYNYŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
2018-nji ýylyň 16-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Ykdysady we Sosial Geňeşiniň howandarlygynda «Durnukly we durmuşa çydamly jemgyýete tarap özgerişler» atly durnukly ösüş boýunça Ýokary derejeli syýasy forumynyň ministrler ýygnagynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Forumy açyp, ECOSOC-ň Başlygy Mariýa Çitardowa dünýäniň ýetmiş bir göterimi arassa agyz suwuny ulanmaga mümkinçiliginiň bardygy barada...
GDA-NYŇ ÝERINE ÝETIRIJI KOMITETI “AMUL – HAZAR 2018” AWTORALLISINE GÖRÜLÝÄN TAÝÝARLYK BILEN TANYŞDYRYLDY
Minsk şäherinde GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti GDA agza döwletleriniň hemişelik wekilleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanda “Amul-Hazar 2018” (Turkmen Desert Race) halkara awtorallisine görülýän taýýarlyk bilen tanyşdyryldy. GDA agza döwletleriniň hemişelik doly ygtyýarly wekilleri Halkara awtomobil federasiýasynyň (FIA) sport gündeligine goşulan täze ralli bilen, Türkmenistanyň sport ulgamyndaky üstünlikleri bilen we Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmeklige...
AŞGABAT ŞÄHERINDE ÝEWROPA BILELEŞIGI-MERKEZI AZIÝA WE OWGANYSTAN DÖWLETLERINIŇ ARASYNDA SYÝASY WE HOWPSUZLYK MESELELERI BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 9-njy iýulynda Aşgabat şäherinde Ýewropa Bileleşigi-Merkezi Aziýa we Owganystan döwletleriniň arasynda syýasy we howpsuzlyk meseleleri boýunça ýokary derejeli duşuşyk geçirildi. Duşuşyk Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde geçirildi. Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýetine ÝB-niň Daşary aragatnaşyklar boýunça gullugynyň Baş sekretarynyň orunbasary Žan Kristof Bellýar ýolbaşçylyk etdi. Mejlisiň gün tertibine terrorçylyk, radikalizm, ekstremizm ýaly halkara hem-...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE “AMUL-HAZAR 2018” HALKARA AWTORALLISINE BAGYŞLANYP BRIFING GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 5-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda (Turkmen Desert Race) “Amul-Hazar 2018” Halkara awtorallisiniň geçirilmegine görülýän taýýarlyga bagyşlanyp brifing geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň Daşary işler, Içeri işler we Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleri, ýurdumyzyň Milli Olimpiýa komiteti we Türkmenistanyň awtomobil sporty federasiýasy bilelikde gurnadylar. Brifinge Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara gura...