SOŇKY HABARLAR
AŞGABAT ŞÄHERINDE ÝEWROPA BILELEŞIGI-MERKEZI AZIÝA WE OWGANYSTAN DÖWLETLERINIŇ ARASYNDA SYÝASY WE HOWPSUZLYK MESELELERI BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 9-njy iýulynda Aşgabat şäherinde Ýewropa Bileleşigi-Merkezi Aziýa we Owganystan döwletleriniň arasynda syýasy we howpsuzlyk meseleleri boýunça ýokary derejeli duşuşyk geçirildi. Duşuşyk Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde geçirildi. Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýetine ÝB-niň Daşary aragatnaşyklar boýunça gullugynyň Baş sekretarynyň orunbasary Žan Kristof Bellýar ýolbaşçylyk etdi. Mejlisiň gün tertibine terrorçylyk, radikalizm, ekstremizm ýaly halkara hem-...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE “AMUL-HAZAR 2018” HALKARA AWTORALLISINE BAGYŞLANYP BRIFING GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 5-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda (Turkmen Desert Race) “Amul-Hazar 2018” Halkara awtorallisiniň geçirilmegine görülýän taýýarlyga bagyşlanyp brifing geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň Daşary işler, Içeri işler we Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleri, ýurdumyzyň Milli Olimpiýa komiteti we Türkmenistanyň awtomobil sporty federasiýasy bilelikde gurnadylar. Brifinge Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara gura...
BMG-NIŇ ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA GEŇEŞI TÜRKMENISTANYŇ HÖKÜMETINIŇ BAŞLANGYJY BILEN BILELIKDÄKI BEÝANNAMANY KABUL ETDI
2018-nji ýylyň 25-nji iýunynda BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşi Şweýsariýanyň Ženewa ş. geçirilýän 28-nji sessiýasynda medeni hukuklara ählumumy hormat goýulmagyna ýardam etmek maksady bilen Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky medeni mirasynyň goranylmagyny höweslendirmek hakynda Bilelikdäki beýannamany kabul etdi. Bu Bilelikdäki beýannamanyň Türkmenistan bilen bilelikde awtordaşlary bolup 24 sany döwlet çykyş etdi – Owganystan, Albaniýa, Ermenistan, Bangladeş, Belarus, Gruziýa, Eýran Yslam...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI BÜTINDÜNÝÄ GÜMRÜK GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞDY
2018-nji ýylyň 22-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajyýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Brýussel şäherinde Bütindünýä gümrük guramasynyň Baş sekretary jenap Kuniýo Mukuriýa bilen duşuşdy. Duşuşykda Guramanyň halkara gümrük hyzmatdaşlygy babatda geljegi bolan ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, ýakynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň açylyp ulanylmaga berilmeginiň ähmiýetine üns çekilip, Türkmenistanyň döwrebap infrastuktura desga...
BRÝUSSELDE «ÝB - TÜRKMENISTAN» ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA DIALOGY GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 21-nji iýunynda Brýusselde «Ýewropa Bileleşigi – Türkmenistan» adam hukuklary boýunça Dialogyň nobatdaky onunjy mejlisi geçirildi. Ýewropa Bileleşigi tarapyndan wekiliýete Ýewropanyň Daşary işler gullugynyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy B.Ýaroşewiç baştutanlyk etdi. Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň düzümine Türkmenistanyň Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil - Adalatçy, şeýle hem A...
Türkmenistan BMG-niň suw meseleleri boýunça sebit düzüminiň döredilmeginiň başyny başlaýar
Şu gün ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG tarapyndan yglan edilen “2018 — 2028-nji ýyllarda durnukly ösüş üçin suw” atly Hereketleriň on ýyllygyna bagyşlanan Ýokary derejeli Halkara maslahatyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Täjigistan Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar. Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, oňyn bitaraplyk hem-de netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny y...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Durnukly ösüş üçin suw” atly halkara maslahatyna gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mamnun Huseýn bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar soňky ýyllarda ýola goýlan döwletara gatnaşyklaryň ösüşine ýokary baha berdiler. Türkmen we pakistan halklaryny birleşdirýän dostlugyň mizemezligi, çuňňur taryhy kökler, medeniýetleriň ýakynlygy şol gatnaşyklaryň mäkäm binýa...