RSS

SOŇKY HABARLAR

12 Maý

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti 10-14-nji maýy aralygynda Duşenbe şäherinde geçirilyän “Şaşmakom” Halkara simpozium-festiwalyna gatnaşýar.

“Şaşmakom-Täjik halkynyň ajaýyp medeni mirasy bolup duryar. Şonuñ üçin bu sungata bagyşlanyp “Şaşmakom” güni yglan edilip her ýylyñ 12-nji maýy Täjigistanda uludan bellenilýär. Festiwalyň açylyş dabarasy 11-nji maýda Täjigistanyñ S.Aýni adyndaky opera we balet akademiki döwlet teatrynda geçirildi. 12-nji maýda gatnaşyjy ýurtlaryň döredijilik wekiliýetleriniň gatnaşmagynda gala konserti geçirildi.

DOWAMY
10 Maý

Türkmenistanyň DIM-de metbugat-brifingi geçirildi

2024-nji ýylyň 10-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde şanly sene – türkmen halkynyň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilýän çäreleri, hususan-da Medeniýet ministrleriniň halkara maslahatyny, Aşgabadyň günortasynda Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasyny hem-de beýleki çäreleri guramaga we geçirmäge bagyşlanan metbugat-brifingi geçirildi. Çäräni Tükmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşim...

DOWAMY
10 Maý

Türkmenistanyň Prezidenti Ýeňiş güni mynasybetli Moskwada geçirilen dabaralara gatnaşdy

2024-nji ýylyň 9-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 1941 - 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli dabaraly çärelere hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. Bellenilen wagtda hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni Kreml binasynyň ýanyna geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Russiýanyň Prezidenti mähirli garşylady. Kremlden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuh...

DOWAMY
7 Maý

Türkmenistanyň DIM-de Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň başlygy bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-de ministriň orunbasary Mähri Bäşimowa Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň başlygy Neda Berger bilen duşuşdy. Taraplar Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini nygtamak bilen, medeniýet ulgamyndaky netijeli gatnaşyklary belläp geçdiler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Awstriýanyň medeniýet-sungat işgärleriniň bilelikde işjeň gatnaşýan çäreleriniň ähmiýeti dogrusynda aýdyldy. Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň gat...

DOWAMY
7 Maý

Türkmenistanyň içerki we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny görkezyän Halkara resminamalaryň sanly kitaphanasy işe girizildi.

Sanly kitaphanada Türkmenistanyň Bitaraplygy, Hyzmatdaşlygyň köptaraplaýyn formatlary, Parahatçylyk we howpsuzlyk, Türkmenistan -Durnukly Osüş Maksatlaryny durmuşa geçirmek ýolunda, Parlament diplomatiýasy, Ekologiýa diplomatiýasy, Energetika diplomatiýasy, Ulag diplomatiýasy, Medeniýet diplomatiýasy, Sport diplomatiyasy ýaly ugurlar boyunça maglumatlar ýerleşdirildi. Agzalan kitaphananyň elektron salgysy: docslibrary.gov.tm

DOWAMY
6 Maý

Görnükli halypa diplomatyň hormatyna dabaraly çäre

2024-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Gahrymany, ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowanyň 70 ýaş toýy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň orunbasary, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara he...

DOWAMY
3 Maý

Türkmenistanyň DIM-de «Türkmenistan-BMG» Strategik maslahat beriş geňeşiniň birinji mejlisi geçirildi

2024-nji ýylyň 3-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde utgaşykly görnüşde «Türkmenistan-BMG» Strategik maslahat beriş geňeşiniň birinji mejlisi geçirildi. Maksatnama laýyklykda Geňeşiň mejlisi öz işini iki sessiýanyň çäklerinde dowam etdi. Birinji sessiýanyň dowamynda «Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň 2026-2030-njy ýyllar üçin çarçuwaly Maksatnamasyny» (UNDAF) taýýarlamak boýunça öňde goýulan wezipeler bilen baglanyşykly meselel...

DOWAMY