SOŇKY HABARLAR
Horwatiýanyň Ilçisi ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy
2025-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Horwatiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Ankara ş.) Hrwoýe Swetanowiçiň arasynda duşuşyk geçirildi. Ilçi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Duşuşygyň başynda M.Bäşimowa Horwatiýanyň Ilçisini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady we diplomatik işinde üstünlik arzuw etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Gazagystan Respublikasyna dostlukly sapary başlandy
2025-nji ýylyň 21-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly sapar bilen Gazagystan Respublikasyna ugrady. Türküstan şäheriniň Hazret Sultan Halkara howa menzilinde belent mertebeli türkmen myhmanyny Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar. Gazagystan Respublikasyna saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Türküstan şäherindäki Hazret Sul...
Haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň wekilleri bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 19-njy aprelinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa ýurdumyza sapar bilen gelen “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň esasy alypbaryjysy Rizwan Hanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy. Duşuşykda myhmanlar gaznanyň alyp barýan işleri bilen giňişleýin tanyşdyryldy. Rizwan Han dünýäde köpmillionly tomaşaçysy bolan “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň ýurdumyz...
Во имя укрепления транспортной взаимосвязанности и торгово-экономической интеграции
18 апреля 2025 года в Министерстве иностранных дел Туркменистана состоялся круглый стол под названием «Развитие транспортной взаимосвязанности и торгово-экономической интеграции в регионе Центральной Азии и Южного Кавказа в контексте Ашхабадской программы действий (2024–2035) и Декады устойчивого транспорта (2026–2035)». В работе круглого стола приняли участие главы и работники дипломатических миссий и представительств международных организаций, аккредитованных в Туркменистане, а также предст...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde “Al-Arabiýa” teleýaýlymy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň esasy alyp baryjysy Riz Hanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapynyň geljekde dünýä KHBS-ri bilen, hususan-da “Al-Arabiýa” meşhur teleýaýlymy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan gyzyklanmasy barada bellenip geçildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar hyzmatdaşlygyň mümkin bolan görnüşlerini, şol sanda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň...
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisini kabul etdi
2025-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Ilçi bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Saud Arabystanynda Türkmenistanyň dürli ugurlarda gazanýan üstünliklerine ýokary baha berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri Patyşa S...
Türkmen wekiliýeti Hujand şäherinde geçirilen II Halkara syýahatçylyk forumyna gatnaşdy
2025-nji ýylyň 16–19-njy aprelinde Täjigistan Respublikasynyň Sugd welaýatynyň Hujand şäherinde «Sugd — Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygy» atly II Halkara syýahatçylyk forumy geçirildi. Forum dürli döwletlerden, şol sanda Russiýa Federasiýasyndan, Özbegistan Respublikasyndan, Gyrgyz Respublikasyndan, Gazagystan Respublikasyndan, Hytaýdan, Gresiýadan we Saud Arabystany Patyşalygyndan gelen döwlet edaralarynyň wekillerini, syýahatçylyk guramalarynyň we işewür toparlarynyň wekillerini ýygnady. Türk...