RSS

SOŇKY HABARLAR

22 Few

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Halkara zähmet guramasynyň sebit direktory bilen duşuşygy

2024-nji ýylyň 22-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Halkara zähmet guramasynyň Baş direktorynyň kömekçisi, guramanyň Ýewropa we Merkezi Aziýa üçin sebit direktory Beata Andres bilen duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Halkara zähmet guramasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň has-da işjeň häsiýete eýe bolýandygyny bellediler. Şunda, taraplaryň arasynda saparyň netijeleri, şu ýylyň 21-nji fewralynda geçirilen ýokary derejeli tege...

DOWAMY
22 Few

Türkmenistanyň parlament wekiliýeti Ýaponiýada türkmen talyp ýaşlary bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 22-nji fewralynda Türkmenistanyň Parlamentiniň wekilýetiniň Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde, Tokio şäherinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň Mejlisiniň agzalary Ýaponiýada bilim alýan türkmen ýaşlary bilen duşuşdylar. Duşuşygyň barşynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şygarynyň düýp pikir we ähmiýeti hem-de ýurdumyzda ýaşlara döredilýän mümkinçilikler barada söhbet edildi. Söhbetdeşligiň dowamynda edilen çykyşlarda...

DOWAMY
22 Few

Türkmenistan we Ýaponiýa parlamentara gepleşikleri giňeltmegi maksat edinýär

2024-nji ýylyň 22-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa bilen Ýaponiýanyň Wekiller palatasynyň Başlygy Fukuşiro Nukaganyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy 2022-nji ýylyň sentýabrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýapo...

DOWAMY
22 Few

Türkmenistanyň Prezidentiniň Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşygy

2024-nji ýylyň 21-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyza gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy. Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan mähirli kabul edilendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdi we Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň hem-de BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-minis...

DOWAMY
22 Few

Türkmen halkynyň Milli Lideri Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 21-nji fewralynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy. Myhman mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirdi we Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň hem-de BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministri, goranmak ministri,...

DOWAMY
21 Few

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetiniň Baş sekretary bilen duşuşygy barada

2024-nji ýylyň 21-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetinň Baş sekretary Ýoşimasa Haýaşi bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky syýasy-parlamentara, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Türkmenistanyň döwlet syýasatynda dünýä döwletleri, hususan-da Ýaponiýa bilen hy...

DOWAMY
21 Few

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýetiniň Ýaponiýa sapary başlandy

2024-nji ýylyň 21-nji fewralda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň Ýapon-Türkmen parlamentara dostluk toparynyň Baş sekretary, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Geňeşdarlar Palatasynyň agzasy Şimpeý Matsuşitanyň ýolbaşçylygyndaky bu ýurduň deputatlary bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar iki dostlukly ýurduň arasynda dürli ugurlarda ýola goýlan gatnaşyklarda parlamentara hyzmatdaşlygynyň möhüm ornuny bellediler. Şol bir wagtda Türkmen-Ýapon parlamentara dostluk...

DOWAMY