SOŇKY HABARLAR
«Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumynyň Jemleýji resminamasy BMG-niň resminamasy hökmünde çap edildi
2024-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumynyň Jemleýji resminamasy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň resminamasy hökmünde BMG-niň alty resmi dilinde çap edildi. Resminamanyň teksti bilen şu salgy boýunça tanyşyp bilersiňiz: https://documents.un.org/doc/undoc/gen/n24/306...
Türkmenistan bilen Halkara pul gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler Ministri Raşid Meredow bilen Halkara pul gaznasynyň (HPG) geňeşçisi, Azerbaýjan we Türkmenistan boýunça missiýasynyň başlygy Anna Rouz Bordonyň ýolbaşçylygyndaky HPG-niň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen HPG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Gepleşikleriň dowa...
Beýik Britaniýanyň Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça Daşary işler ministriniň orunbasary, Parlamentiň agzasy bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Beýik Britaniýanyň Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça Daşary işler ministriniň orunbasary, Parlamentiň agzasy Stiwen Doutiniň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy akaly duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň çäginde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatl...
Täjigistanda «Magtymguly Pyragy we türkmen-täjik dostlugy» atly döredijilik agşamy geçirildi
2024-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabyndaky Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebinde türkmen we täjik ýazyjylarynyň, şahyrlarynyň we žurnalistleriniň gatnaşmagynda «Magtymguly Pyragy we türkmen-täjik dostlugy» atly döredijilik agşamy geçirildi. Çäräni Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasy Täjigistanyň Milli Ylymlar akademiýasy we Ýazyjylar birleşigi bilen bilelikde gurady. Çärede Ilçi A.Goçmyradow, Täjigistany...
В ИМО МИД Туркменистана состоялась международная конференция, посвященная принятию резолюции Генассамблеи Организации Объединенных Наций «Игры дружбы ООН»
31 октября 2024 года в Институте международных отношений Министерства иностранных дел Туркменистана состоялась международная конференция, посвященная принятию по инициативе Туркменистана и Республики Индия резолюции Генеральной Ассамблеи ООН «Игры дружбы ООН». В работе конференции приняли участие руководители и сотрудники МИД страны, главы и представители дипломатических миссий и представительств международных организаций, аккредитованных в Туркменистане, представители политических партий Тур...
Gana Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi diplomatik işini tamamlaýar
2024-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow diplomatik işini tamamlaýan Gana Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Tähran ş.) Erik Owusu-Boateng bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň özara gyzyklanma bildirýän ähli ugurlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga ygrarlylygyny tassykladylar. Ikinji syýasy geňeşmeleri, şeýle hem iki ýurduň işewür toparlarynyň...
Türkmenistanyň DIM-de Fransiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Fransiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Filipp Merleniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýy barada gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar geçirildi. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy öz içine alýan gatnaşyklaryň yzygiderli esasda ösdürilýänligi aýratyn bellenildi....