RSS

SOŇKY HABARLAR

1 Okt

BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen Bilelikdäki çäreleri geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2024-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň çäklerinde Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň BMG-niň Baş sekretarynyň Baş Assambleýanyň işleri we konferensiýa dolandyryşy boýunça orunbasary Mowses Abelýan bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň ähmiýetini bellediler. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisin...

DOWAMY
1 Okt

BMG-niň Baş sekretarynyň ykdysady we durmuş meseleleri boýunça orunbasary bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň çäginde, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Baş sekretarynyň ykdysady we durmuş meseleleri boýunça orunbasary Li Jinhua bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeliligini kanagatlanma bilen bellediler. Türkmen tarapy Türkmenistanyň Hökümetiniň 2030-njy ýyla çenli...

DOWAMY
1 Okt

BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäginde Türkmenistan bilen Nikaraguanyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

2024-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Nikaragua Respublikasynyň Daşary işler ministri Waldrak Lýudwig Witakeriň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Nikaraguanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň derejesini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek mehanizminiň ýola goýulmagyň maksadalaýykdygy bellenildi. Taraplar...

DOWAMY
30 Sen

Türkmenistanyň DIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynda Magtymguly Pyragynyň gruzin dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

2024-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Magtymguly Pyragynyň gruzin dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň DIM-iň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilleri, edebiýatşynaslar, alymlar, žurnalistler, institutyň professor-mugallymlary we talyplary, şeýle-de KHBS-iň wekilleri gatnaşdylar. Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler beýik...

DOWAMY
30 Sen

Türkmenistanyň DIM-nde USAID-iň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) Aziýa býurosynyň Dolandyryjysynyň kömekçisiniň orunbasary Anžali Kauryň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar sebitleýin we milli taslamalary durmuşa geçirmek boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Ykdysady ösüş, metan zyňyndyla...

DOWAMY
30 Sen

Türkmenistanyň Prezidenti «John Deere» kompaniýasynyň wekilini kabul etdi

2024-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk şanly senesi mynasybetli baýramçylyk at çapyşygynyň geçirilýän pursatlarynda «John Deere» kompaniýasynyň Merkezi Aziýada strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýolbaşçysy Çaba Leýkony kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady. Ç.Leýko öz wekilçilik edýän kompaniýasynyň Türkmeni...

DOWAMY
29 Sen

BMG-niň Baş Sekretary Antoniu Guterreş bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki edara binasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Baş Sekretary Antoniu Guterreşiň arasynda dușuşyk geçirildi. Baş Sekretar Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berdi we ýurduň ýolbaşçylarynyň alyp barýan daşary syýasatynyň parahatçylygy hem-de durnuklylygy üpjün etmekde üstünlikli mysaldygyny aýtdy. BMG-niň ýolbaşçysy Türkmenist...

DOWAMY