Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy bilen duşuşdy

photo

2025-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pekin şäherine ugramak üçin Týanszin şäheriniň demir ýol menziline bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy dostlukly ýurduň resmi adamlary dabaraly ýagdaýda ugratdylar.

Biraz salymdan Türkmenistanyň döwlet Baştutany ýörite otluda Pekiniň demir ýol menziline geldi. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti myhmansöýerligiň asylly däbine görä, mähirli garşylanyldy.

Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň döwlet Baştutany Hytaýyň Halk ýygnaklar öýüne bardy. Bu ýerde Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda resmi duşuşyk geçirildi.

HHR-iň Baştutany Prezident Serdar Berdimuhamedowy mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip Hytaýa gelendigi üçin Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna hoşallyk bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny ýetirmegi haýyş etdi.

Şeýle-de Si Szinpin Prezident Serdar Berdimuhamedowy ýakynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady. Ol “Merkezi Aziýa - Hytaý” formatyndaky sammitiň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti bilen bolan duşuşygyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýdyp, onuň netijeleri boýunça bilelikdäki işleri durmuşa geçirmäge taýýardygyny tassyklady.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany Hytaýa gelmäge çakylyk hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, Si Szinpini ŞHG-niň sammitiniň üstünlikli geçirilmegi we Ýeňşiň 80 ýyllygy bilen gutlady hem-de oňa Gahryman Arkadagymyzyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Hytaýyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna berýän goldawyna, ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden ençeme Kararnamalarynyň awtordaşy bolup çykyş etmegine ýokary baha berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň HHR-iň Başlygynyň ŞHG-niň sammitinde beýan eden Ählumumy dolandyryş başlangyjyny goldaýandygyny nygtady.

HHR-iň Başlygy Prezident Serdar Berdimuhamedowy Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bilen gutlap, Hytaýyň Türkmenistanyň bu halkara hukuk ýagdaýyna esaslanýan parahatçylyk döredijilikli daşary syýasatyna ýokary baha berýändigini belledi.

Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Hytaý Türkmenistanyň esasy daşary ykdysady hyzmatdaşy bolup durýar. Gaz pudagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategik ugrudyr.

Türkmenistanyň Prezidenti iri “Galkynyş” gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek boýunça geçirilen halkara bäsleşikde hytaý tarapynyň ýeňiji bolandygyny aýtdy we Başlyk Si Szinpini bu waka bilen gutlady. Şeýle-de döwlet Baştutany Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda gaz hyzmatdaşlygynyň esasy ýörelgeleri hakynda Baş ylalaşygyň taslamasynyň taýýarlanylandygyny aýtdy we geljekde bu hyzmatdaşlygyň Baş ylalaşykdaky ýörelgeler esasynda ösdüriljekdigini nygtady.

HHR-iň Başlygy Türkmenistan bilen bu möhüm ulgamda hyzmatdaşlyk etmegiň Hytaý üçin uly hormatdygyny belledi hem-de hytaý tarapyna bu ugurda Türkmenistanda işlemäge döredilýän şertler hem-de goldawlar üçin hoşallyk bildirdi.

Şeýle-de Si Szinpin HHR-iň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda “Merkezi Aziýa - Hytaý” formatynda mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.

Ulag-logistika hyzmatdaşlygy hem möhüm ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek” strategiýasy Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” başlangyjy bilen mazmuny boýunça gabat gelip, biri-biriniň üstüni ýetirýär.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany bu maksatlara ýetmekde Merkezi Aziýa sebitine möhüm ornuň degişlidigini, Türkmenistanyň “Merkezi Aziýa - Hytaý” dialogyny goldaýandygyny we oňa işjeň gatnaşýandygyny belledi.

Türkmen-hytaý döwletara gatnaşyklarynyň gün tertibinde medeni-ynsanperwer ulgam, hususan-da, bilim ulgamy wajyp orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplarynyň bilim almagyna döredilýän amatly şertler üçin hytaý tarapyna minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň HHR bilen bilim ulgamyndaky gatnaşyklary giňeltmegi maksat edinýändigini tassyklady.

Şeýle hem ylmy hyzmatdaşlygyň, bu ugurda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň möhüm ähmiýeti bellenildi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany häzirki wagtda parlament, jemgyýetçilik, zenanlar we ýaşlar diplomatiýasynyň hem ornunyň barha ýokarlanýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň bu ugurlar boýunça bilelikdäki çäreleri ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny tassyklady.

2025-nji ýyl Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi” diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy we Başlyk Si Szinpini bu waka hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma çagyrdy.

HHR-iň Başlygy çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Hytaýyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine hormat goýýandygyny we onuň parahatçylyk döredijilikli daşary syýasatyny goldaýandygyny aýtdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Hytaýyň ygtybarly dostudygyny, onuň gazanýan üstünliklerine ýurdumyzda guwanylýandygyny aýdyp, Si Szinpiniň ýolbaşçylygynda HHR-iň mundan beýläk-de uly üstünlikleri gazanjakdygyna ynam bildirdi.

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, şu gezekki ýokary derejedäki duşuşyga uly ähmiýet berilýändigini belledi we HHR-iň Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek ugruna berk ygrarlydygyny tassyklady. Şeýle-de ol Prezident Serdar Berdimuhamedowyň beýan eden tekliplerini goldaýandygyny aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanlary türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň iki ýurduň dostlukly halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege rowaçlyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny beýan etdiler.

 

***

Hormatly Prezidentimiziň Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň hytaý tarapynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. Olarda dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Intellektual eýeçilik meselesine aýratyn üns berildi. Iki ýurduň bilim ulgamynyň wekilleri akademiki gatnaşyklary pugtalandyrmagyň, bilelikdäki ylym-bilim taslamalaryny durmuşa geçirmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Medeni hyzmatdaşlyk dialogyň esasy ugurlarynyň biri boldy. Şunda muzeý işine aýratyn üns berildi. Duşuşyklaryň dowamynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri-de ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga bagyşlanan duşuşykda taraplar infrastruktura taslamalaryny giňeltmek bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, logistikany gowulandyrmak, awtomobil, demir ýollary ösdürmek babatda pikir alyşdylar. Energetika ulgamyna bagyşlanan duşuşykda türkmen we hytaý tarapynyň wekilleri energetika infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, energiýanyň durnukly önümçiligi üçin tehnologiýalary ösdürmek bilen bagly pikirlerini paýlaşdylar.

Duşuşyklaryň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Lançžou uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Milli intellektual eýeçilik boýunça edarasynyň arasynda intellektual eýeçilik babatda hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýi bilen Hytaýyň Milli muzeýiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; “Altyn asyr” elektron gazetiniň redaksiýasy (Türkmenistan) bilen “Ženmin Žibao” neşiriniň (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.