Türkmenistanyň Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýanyndaky täze Hemişelik wekili wezipesine girişdi
2026-njy ýylyň 16-njy fewralynda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Jidda şäherindäki merkezi edarasynda ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow bu abraýly halkara guramanyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekil wezipesine resmi taýdan girişdi.
YHG-niň Baş sekretary Hisseýn Brahim Taha ynanç hatlaryny kabul edip, Türkmenistanyň yslam dünýäsindäki aýratyn ornuny nygtady. Onuň sözlerine görä, Türkmenistan tarapyndan alnyp barylýan hemişelik bitaraplyk syýasaty häzirki wagtda diňe bir sebitde däl, eýsem Guramanyň ähli giňişliginde parahatçylygy we ynamy berkitmekde netijeli gural bolup hyzmat edýär.
Hemişelik wekiliň belleýşi ýaly, Türkmenistan YHG-niň işine goşandyny giňeltmegi, aýratyn-da medeniýet, bilim we ykdysady özara hyzmatdaşlyk ugurlarynda işjeňleşmegi maksat edinýär.
YHG Türkmenistan tarapyndan öňe sürülýän öňüni alyş diplomatiýasy babatyndaky tejribä ýokary baha berýär. Bu tejribe häzirki halkara ýagdaýynyň şertlerinde aýratyn ähmiýete eýedir.
Baş sekretar Hemişelik wekiliň işiniň Türkmenistan bilen Guramanyň arasyndaky hyzmatdaşlyga täze itergi berjekdigine ynam bildirdi. Türkmenistan köp ýyllaryň dowamynda yslam hyzmatdaşlygynyň ygtybarly we işjeň gatnaşyjysy bolup galýar.