SOŇKY HABARLAR
Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasyna iş sapary başlandy
2026-njy ýylyň 10-njy noýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatyna (COP31) gatnaşmak üçin iş sapary bilen Türkiýe Respublikasyna ugrady. Halkara howa Arkadag menzilinde Milli Liderimiz Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Şener Jebeji bilen gürrüňdeş boldy. BMG-niň Howanyň üýtgemegi ba...
Türkmenistan howanyň üýtgemegi bilen bagly maglumatlaryň aýdyňlygyny üpjün etmek boýunça mümkinçiliklerini pugtalandyrýar
2026-njy ýylyň 10-njy noýabrynda BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň Taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde «Howa maglumatlaryndan tehnologiýalara tarap: “Pariž ylalaşygyna laýyklykda Giňeldilen aýdyňlyk çarçuwasynyň talaplaryny ýerine ýetirmek boýunça Türkmenistanyň mümkinçiliklerini pugtalandyrmak” atly taslama bagyşlanan tematiki sessiýa geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi we Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan...
Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 10-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Şener Jebejiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde geçirilýän BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýa...
Türkmenistan bilen Beýik Britaniýa onlaýn duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
2026-njy ýylyň 10-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş ministrliginiň Döwlet sekretarynyň orunbasary Enfildly Lord Wudyň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar türkmen-britan gatnaşyklarynyň gün tertibiniň möhüm meselelerine seretdiler hem-de ýokary derejedäki duşuşyklaryň aýratyn ä...
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara çäreleriň resminamalary BMG-de çap edildi
2026-njy ýylyň 7–8-nji oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara çäreleriň jemleri boýunça kabul edilen resminamalar Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynyň resmi resminamalary hökmünde çap edildi. Olara aşakdaky resminamalar girýär: · Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sekizinji Konsultatiw duşuşygynyň netijeleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki Beýannamasy (A/81/460); · «Parahatçylygy...
Türkmenistanyň resminama mirasy ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň sebit sanawyna girizildi
2026-njy ýylyň 2–6-njy noýabry aralygynda Indoneziýa Respublikasynyň Jakarta şäherinde ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti boýunça sebit komitetiniň (MOWCAP) 11-nji Umumy mejlisi we halkara maslahaty geçirildi. Çäräniň guramaçylary hökmünde Indoneziýa Respublikasynyň Milli arhiwi, Indoneziýanyň we Koreýa Respublikasynyň ÝUNESKO boýunça milli komissiýalary, şeýle hem Koreýa Respublikasynyň Medeni miras gullugy çykyş etdiler. Halkara maslahatyň esasy t...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
2026-njy ýylyň 6-njy noýabrynda Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Patyşasy Abdulla II ibn Al Husseýn bilen duşuşdy. Söhbetdeşler emeli aň ulgamynda howpsuzlyk boýunça Akaba prosesiniň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlary derejesindäki duşuşygyň çäklerinde duşuşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirip, Türkmenistanyň hem-de Iordaniýanyň dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge we özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan be...