SOŇKY HABARLAR
Türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleriniň nobatdaky tapgyry geçirildi
2026-njy ýylyň 3-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleriniň nobatdaky tapgyry geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, amerikan wekiliýetine bolsa ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Samir Pol Kapur ýolbaşçylyk etdiler. Geňeşmeleriň dowamynda taraplar türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy...
Türkmenistanda Awstriýa Respublikasynyň Ilçisi işe başlady
2026-njy ýylyň 2-nji noýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Awstriýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Etiýen Berhtolddan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan myhmany ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi mynasybetli gutlap, oňa Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasynda dostlukly we köpugurly hyzmatdaşlyk gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyr...
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň Daşary işler ministrini kabul etdi
2026-njy ýylyň 2-nji noýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Seýed Abbas Arakçini kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Eýranda goňşy Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, EYR-nyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi. Döw...
Awstriýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Ilçisi bilen duşuşyk barada
2026-njy ýylyň 2-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Awstriýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Ilçisi (oturýan ýeri Baku ş.) Etýen Berhtold bilen duşuşygy geçirildi. Ilçi türkmen tarapyna ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy we awstriýa-türkmen gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak babatda ähli tagallalary etjekdigini beýan etdi. Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgaml...
Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 2-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Seýed Abbas Aragçi bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem sebit we halkara düzümleriniň çäklerinde ösdürilmeginiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda işjeň dialogy...
В Институте международных отношений МИД Туркменистана состоялась торжественная конференция по случаю присвоения Президенту Туркменистана почётной степени
2 ноября 2026 года в Институте международных отношений Министерства иностранных дел Туркменистана состоялась торжественная конференция, посвящённая присвоению Президенту Туркменистана Сердару Бердымухамедову степени «Почётный доктор в области международных отношений» университета Хаджеттепе Турецкой Республики, а также вручению знака «Стратегическая дружба» Совета по внешнеэкономическим связям Турции (DEİK). В торжественном мероприятии приняли участие руководители ряда министерств и ведомств...
Türkmenistanda Günorta Afrika Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi işe başlady
2026-njy ýylyň 31-nji oktýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Günorta Afrika Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Lungisani Dominik Ntombeladan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki döwletiň we olaryň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary hem-de özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak...