SOŇKY HABARLAR
UKEF-iň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 27-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň UK Export Finance (UKEF) kompaniýasynyň Türkiýe, Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin ýolbaşçysy Şebnem Alpyň ýolbaşçylygyndaky UKEF-iň wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady we maýa goýum ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Türkmenistanda infrastruktura we eksporta gönükdirilen taslamalar bilen baglanyş...
Hytaý Halk Respublikasynyň Ilçisi özüniň Türkmenistandaky diplomatik missiýasyny tamamlaýar
2025-nji ýylyň 26-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýurdumyzda özüniň diplomatik missiýasyny tamamlaýan Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sýan Naýçen bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň häzirki derejesine we geljekki mümkinçiliklerine baha berildi. Diplomatlar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň ösüş meselelerini ara a...
Türkmenistanyň we Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 26-njy iýunynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň (IOM) Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Serhan Aktoprak bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen IOM-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Bellenilişi ýaly, Ýakyn Gündogaryň çäklerinde emele gelen ýagdaý bilen baglylykda Türkmenistan ynsanperwerlik we...
Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 26-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň (CAREC) täze bellenen Ýerine ýetiriji direktory Batyr Mamedowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar daşky gurşawy goramak, ekologiýa we howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Özara hyzmatdaşlyk meseleleri, hususan-da, Merkezi Aziýa...
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrini kabul etdi
2025-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowy kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi hem-de rus tarapynyň Türkmenistan bile...
S.Lawrow: Russiýada Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgesini paýhas bilen saýlamagyna uly hormat bilen garalýar
2025-nji ýylyň 25-nji iýunynda paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Russiýanyň Daşary işler ministri S.W.Lawrow Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň DIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň öňünde çykyş etdi. Ministr dünýä syýasatynyň soňky tendensiýalary baradaky garaýyşlary bilen paýlaşdy. Dürli ugurlar boýunça türkmen-rus gatnaşyklarynyň netijeli ösdürilişi barada gürrüň berdi. Russiýanyň daşary syýasat eda...
Daşary işler ministrleriniň Aşgabatdaky duşuşygynda Hazar meselesine aýratyn ähmiýet berildi
Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen gepleşiklerde Hazar sebitinde bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministri kenarýaka döwletleriň arasynda sazlaşykly özara hereketleriň möhümligini aýratyn nygtady. Hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň 2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda Aşgabatda geçirilen altynjy Hazar sammitinde aýdyň kesgitlenilendigi bellenildi. Türkmenistanyň ýolbaşçylygyn...