RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
25 Iýun

Aşgabatda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi

2025-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Ö.Meredow bilen Aşgabat şäherine sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.W.Lawrowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Iki ýurduň DIM-leriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky özara gatnaşyklarynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatl...

DOWAMY
pic
25 Iýun

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Fransiýa Respublikasynyň senatory, Fransiýa – Merkezi Aziýa parlament dostluk toparynyň agzasy bilen duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň Fransiýa Respublikasynyň senatory, Fransiýa – Merkezi Aziýa parlament dostluk toparynyň agzasy Samanta Kazebon bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar parlamentara, hususan-da Fransiýa-Merkezi Aziýa parlament dostluk toparynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň orny barada belläp geçdiler. Şeýle-de taraplar iki ýurduň Daşary işler ministrliklerin...

DOWAMY
pic
25 Iýun

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň ABŞ-nyň Döwlet sekretary bilen telefon arkaly söhbetdeşligi

2025-nji ýylyň 24-nji iýunynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ABŞ-nyň Döwlet sekretary Mark Rubio bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar giň gerimli ugurlar boýunça pikir alyşdylar. Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň wajyp ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar ýakyn wagtda duşuşmagy hem-de her ýylda guralýan ikitaraplaýyn...

DOWAMY
pic
24 Iýun

Телефонный разговор с Государственным министром Соединенного Королевства

24 июня 2025 года состоялся телефонный разговор заместителя министра иностранных дел Туркменистана Ахмета Гурбанова с Государственным министром Соединенного Королевства по вопросам Европы, Северной Америки и заморских территорий Стивеном Даути. В ходе беседы была выражена благодарность британской стороны руководству Туркменистана за оказанное содействие для выезда граждан Соединённого Королевства из Ирана в связи с трудной ситуацей, сложившейся на Ближнем Востоке. Было отмечено, что данный...

DOWAMY
pic
24 Iýun

Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistan bilen Aziýa ösüş bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 25 ýyllygyna bagyşlanan tegelek stol maslahaty geçirildi

2025-nji ýylyň 24-nji iýunynda Türkmenistanyň DIM-iň binasynda Türkmenistan bilen Aziýa ösüş bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan tegelek stol maslahaty geçirildi. Tegelek stol maslahatyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, bank düzümleriniň ýolbaşçylary, Aziýa ösüş bankynyň (AÖB) Günorta, Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça wise-prezidenti Ýan Inmini ýolbaşçylygyndaky wekiliýet, şeýle hem ykdysa...

DOWAMY
pic
24 Iýun

Türkmenistanyň Prezidenti Aziýa ösüş bankynyň Günorta, Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça wise-prezidentini kabul etdi

2025-nji ýylyň 23-nji iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Aziýa ösüş bankynyň Günorta, Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça wise-prezidenti Ýan Inmini kabul etdi. Duşuşyk üçin hoşallyk bildirip, jenap Ýan Inmin Aziýa ösüş bankynyň ykdysady ösüşiň durnukly depginini görkezýän Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz myhmany mähirli mübärekläp, onuň saparynyň dowamynda geçirjek duşuşyklarynyň ikitaraplaýyn ykdysad...

DOWAMY
pic
24 Iýun

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumat

2025-nji ýylyň 23-nji iýunynda Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler Ministri Seýed Abbas Arakçiniň Türkmenistana sapary boldy. Şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň we Eýranyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit meseleleri, hususan-da häzirki wagtda Ýakyn Gündogarda emele gelýän ýagdaý barada piki...

DOWAMY