Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparyna bilelikde başlyklyk edijileriň duşuşygy geçirildi

img
img
img
img
img
img

2024-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparyna bilelikde başlyklyk edijileriň – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň Orunbasary Alekseý Owerçugyň duşuşygy geçirildi.

Dar düzümde geçirilen gepleşikleriň barşynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ulgamlar boýunça iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Soňra duşuşyk giňişleýin düzümde dowam etdi, oňa Türkmenistanyň we Russiýanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Taraplar hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşmaga we bilelikdäki işleriň täze ugurlaryny gözlemäge gönükdirilen bu duşuşugyň ähmiýetini bellediler.

Duşuşyga gatnaşyjylar hereket edýän, şol sanda ulag, elektroenergetika we ş.m. ugurlardaky taslamalaryň durmuşa geçirilmegi barada pikir alyşdylar.

Ikitaraplaýyn konstruktiw hyzmatdaşlygy ösdürmekde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň möhüm orny nygtaldy.

Taraplar medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy, şol sanda saglygy goraýyş, ylym we bilim ulgamlary boýunça gatnaşyklary has-da giňeltmek üçin amatly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.