Ankara şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-türk toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

2025-nji ýylyň 24-25-nji fewralynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Türkiýe Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäginde Ankara şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-türk toparynyň sekizinji mejlisi geçirildi.
Mejlisde Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Nökerguly Atagulyýew, Türkiýe Respublikasynyň wekiliýetine bolsa Türkiýe Respublikasynyň Wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz ýolbaşçylyk etdi.
Mejlisiň işini açyp, Hökümetara toparyň ýolbaşçylary deňhukuklylyk we özara ynanyşmaga esaslanýan türkmen-türk gatnaşyklarynyň ýokary ösüş derejesini kanagatlanma bilen bellediler.
Taraplar Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentlerine döwletara dialogy ösdürmäge berýän ünsleri üçin minnetdarlyk bildirdiler we bilelikdäki Hökümetara toparyň mejlisleriniň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin täsirli platforma bolup durýandygyny bellediler.
Toparyň mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň we Türkiýäniň degişli ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary ykdysady görkezijiler bilen tanyşdylar, şeýle hem geçen döwürde iş meýilnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşyga gatnaşyjylar iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň oňyn ösüşini bellediler. Energetika, söwda, maýa goýum, bank, ulag-logistika, şäher gurluşygy we oba hojalygy pudaklary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi.
Nebit-gaz pudagynda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berildi. Şu ýylyň dowamynda bilelikdäki işleriň çäginde mundan beýläkki ädimler bellenildi.
Şeýle hem ylym-bilim, saglygy goraýyş, syýahatçylyk we daşky gurşawy goramak ugurlaryndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerine garaldy.
Duşuşykda taraplar Türkmenistanda we Türkiýe Respublikasynda guralan ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn çäreleriň çäginde işjeň dialogy dowam etdirmegiň ähmiýetini bellediler.
Toparyň mejlisiniň netijeleri boýunça Jemleýji teswirnama gol çekildi.
***
Duşuşygyň çäginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Nökerguly Atagulyýew bilen Türkiýe Respublikasynyň Wise-prezidenti Jewdet Ýylmazyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar dürli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki derejesine ýokary baha berdiler. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýokary syýasy derejede yzygiderli we ynamdar dialog oňyn täsirini ýetirýär.
Iki ýurduň arasynda öň gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berildi.
Taraplar Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň ösüş depginini kanagatlanma bilen bellediler.