Türkmenistanyň ilçisiniň Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň ýanyndaky Din işleri, dabaralary we däp-dessur çärelerini tertipleşdirmek boýunça komitetiň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
2026-njy ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky ilçisi bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň ýanyndaky Din işleri, dabaralary we däp-dessur çärelerini tertipleşdirmek boýunça komitetiň başlygy Döwletzoda Suleýmon Pirhonowyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşyga Täjigistan Respublikasynyň Ymam Azam – Abu Hanifa Numan ibn Sobit adyndaky Yslam institutynyň rektory Ahtamzoda Abdulalim Ahtam hem gatnaşdy.
Duşuşygyň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça pikir alşyldy. Taraplar degişli ugurda hyzmatdaşlygy we tejribe alyşmagy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigini bellediler.
Duşuşykdan soň, Ymam Azam – Abu Hanifa Numan ibn Sobit adyndaky Täjigistan Yslam institutyna baryp görüldi. Saparyň dowamynda gatnaşyjylar okuw mekdebiniň işi, okuw-terbiýeçilik işleriniň guralyşy, şeýle hem institutda döredilen häzirki zaman okuw we infrastruktura mümkinçilikleri bilen tanyşdylar.