img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
TÄJIGISTAN RESPUBLIKASY - DUŞENBE
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Prezidenti «Çalyk Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

photo

2026-njy ýylyň 31-nji oktýabrynda Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.

Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzyň Türkiýä amala aşyrýan saparynyň taryhy ähmiýetini belledi.

Işewür hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanda ähli ugurlarda gazanylýan uly üstünliklere Türkiýede ýokary baha berilýändigini aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyzy Hajettepe uniwersitetiniň halkara gatnaşyklar ugry boýunça hormatly doktory derejesiniň berilmegi we Türkiýe Respublikasynyň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşiniň «Strategik dostluk nyşanynyň» gowşurylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Şeýle hem Ahmet Çalyk Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirmegini döwlet Baştutanymyzdan haýyş etdi.

Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen-türk dost-doganlyk gatnaşyklarynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny, ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň birnäçe ugurlarda üstünlikli alnyp barylýandygyny belledi.

Türkmenistan daşary ykdysady gatnaşyklarda öz hyzmatdaş ýurtlary bilen deňhukuklylyk, özara düşünişmek, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerinden ugur alýar.

Ahmet Çalyk bildirilýän ýokary ynam üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz şertnamalaýyn borçnamalaryna mundan beýläk-de örän jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynandyrdy. Şunuň bilen birlikde, işewür türk kompaniýalaryna Türkmenistanda netijeli iş alyp barmaga döredilýän şertler üçin döwlet Baştutanymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyga alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.